Ýurduň gündogar sebitiniň ekarançylary şaly ýygymyna girişdiler

Lebap welaýatynda şaly ýygymy başlandy.Bu sebitde şu gymmatly azyklyk ekin iň köp mukdarda ýetişdirilýär.Bu ýerde şaly güýzlük galladan boşan 10 müň 200 gektar meýdana ekildi. Ýurduň gündogarynda esasan şalynyň ýerli toprak-howa şertlerine gowy uýgunlaşan, ýokary hasyllylygy we datly tagamy bilen tapawutlanýan Nukus-2 sorty ýetişdirilýär.

Orakda ýokary öndürijilikli döwrebap kombaýnlar işledilýär.Lebaply şalyçylar döwlete 47 ümň 400 tonna şaly tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar.

Ýene degişli makalalar

Lebaply şalyçylar 47732 tonnadan gowrak hasyl ýygnadylar
Ýangyja baý sebitde ýene-de benzin gytçylygy 'ýitileşýär'
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonomiýasynda 14 adam göz tussaglygyna alyndy