Ýuwentusyň yzly-yzyna 9-njy çempionlygy

Italiýanyň çempionaty Serie A-da çempion belli boldy. 36-njy tapgyrda Sampdoriýany Ronaldo (45+7) we Bernardeskiniň (67) gollary bilen 20 ýeňen Ýuwentus möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, yzly-yzyna 9-njy, umumylykda 36-njy gezek çempion diýen ady eýeledi.

Weronany 51 hasabynda ýeňen Lasionyň 3 goluny Çiro Immobile geçirdi. Ol bu ugurda gollarynyň sanyny 34-e ýetirip, Ronaldodan 3 gol öňe saýlandy. Immobile ýene-de 3 gol geçirse, onda ol çempionatyň taryhynda bir möwsümde iň köp gol geçiren futbolçy bolar.

Öz meýdançasynda Parmadan 21 asgyn gelen Breşiýa topary SPAL-dan soň, aşaky liga düşen 2-nji klub boldy.

Italiýada geljek möwsümde Benewentonyň Serie A-da çykyş etjekdigi ozal belli bolupdy. Serie B-de 2-nji ýeri eýelän Krotono topary bolsa Serie A-da çykyş etjek 2-nji topar boldy. Krotone 2 ýyldan soň, Serie A dolandy.

Ýene degişli makalalar

“Ýuwentusyň” yzly-yzyna 9-njy çempionlygy
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
“Milan” ýeňlişsiz ýeke-täk topar
Ronaldo 5-nji orna geçdi
Immobileden 4 gol
“Milan”, “Inter”, “Roma”, “Ýuwentus” “Serie A”-nyň täze möwsümi