Ýylyň iň gülkünç fotosuratlary

Her ýylda dürli guramalar ýylyň iň gowy ýabany fotosuratlaryny saýlaýarlar.Olaryň iň özüne çekijisi bolsa gülkünç suratlaryň arasynda geçirilýän ýaryş bolsa gerek.Gülkünç ýabany durmuş fotosurat baýraklarynyň ýeňijileri mälim edildi.

Dünýäniň dürli ýerlerinden bir-birinden täsin suratlaryň iberilýän ýaryşy 2015-nji ýyldan bäri geçirilýär.Bu ýylky ýaryşa 85 ýurtdan 1842 suratçy jemi 5 müň 300 fotosurat ugradypdyr.Suratlar internet arkaly köpçüligiň ses bermeginde saýlanýar.

Awstraliýaly fotosuratçy Jason Mur öz ýurdunyň simwoly hasaplanýan kengurunyň suraty bilen baş baýraga mynasyp boldy. Muruň gitara çalýan ýaly bolup duran suraty umumy kategoriýada birinji boldy. Şeýlelikde, ussat fotosuratçy Kenýada safari gezelenje gatnaşmaga, kamera sumkasy we Tanzaniýada elde taýýarlanan bir sowgada mynasyp boldy. Ine, ýaryşda dürli ugurlarda baýraga mynasyp bolan beýleki suratlar:

Ýaryşa Singapurdan gatnaşýan Ower Kweriň balet oýnaýan ýaly bolup duran gunduzyň suraty hem baýragy mynasyp boldy.

Suwa gaçan guş

Bu suraty italiýaly Wittorio Riççi düşüripdir. Suratda suwdaky balygy tutmak üçin ýokardan suwa tarap okdyrylyp gaýdan guşuň garaşylmadyk ýagdaýda ýykylandygyny görmek bolýar.

Düşünişmezlik

Polşaly Ýasek Stankiýewiçiň “düşünişmezlik” atly suraty.

“Tokaý gözeli”

Belgiýaly zenan suratçy Delfin Çasimiriň Indoneziýa düşüren suraty “Ýagyş tokaýynyň gözeli” diýlip atlandyrylýar.

“Duşenbe sindromy”

ABŞ-ly Jon Blumenkamp ýadaw görünýän baýguşyň suratyna “Duşenbe sindromy” diýip at bermegi makul bilipdir.

Awstraliýaly Lara Metýunyň bu suraty hem ýokarky orunlardan birini mynasyp bolupdyr.

Timea Ambrusyň “Zalda uçmagy öwrendim ýa-da öwrenip bilmedim” atly atly fotokollažy hem baýragy mynasyp boldy.

Amerikaly Dakota Wakkaronyň “Bagyşlaň welin, siz çilim çekerden juda ýaş” atly suraty.

Fransiýaly Jak Pulardyň “Gar topy” atly işi.

Wendi Kaweniniň “Düýn bu ýerde bolmadyk” atly suraty.

Hindistanly Pratik Mondalyň “Saga seret, agam” atly suraty.

Iňlis fotosuratçysy Braýan Metýusyň “Aşak seretme!” atly suraty.

Iňlis fotosuratçysy Zoe Äşdounyň “Maşgala albomy üçin bir sany” atly işi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Afrika Ýurtlary Bilen Edýän Gatnaşyklary Pugtalanýar
Tanzaniýanyň ilaty soňky 10 ýylda 40 göterim artdy
60 million dollara satylan göwher
21 million dollarlyk gülgüne göwher
Amir Abdollahian: Amerikalylar realist bolmaly
Türkmenbaşy: Ýaşaýjylar öýe çekilen Internetiň tizliginden nägile bolup, hyzmatlardan ýüz öwürýär