Ýylyň iň köp pul gazanýan futbolçylary

“Bloomberg News”-iň partnýory “Sportico” sport habarlary saýty şu ýylyň, ýagny 2022-nji ýylyň iň köp pul gazanýan futbolçylarynyň sanawyny äşgär etdi.Futbolçylaryň aýlyk haklary bilen bir hatarda, beýleki girdejilerden (mahabatlar, hemaýatkärler, şahsy maýa goýumlar) gazanýan pullary hem hasaba alnyp düzülen sanawda Fransiýanyň PSŽ toparynyň super ýyldyzlary öňdeligi eýeleýär. Öňdäki 4 futbolçynyň 3-si bu klubdan bolup, fransiýaly super ýyldyz Kilian Mbappe sanawyň başyny çekýär. 23 ýaşyndaky oýunçynyň şu ýylky gazanjy 125 million dollara deňdir.

“Mançester Ýunaýtediň” portugaliýaly super ýyldyzy Kristiano Ronaldo 113 million dollarlyk gazanjy bilen PSŽ-li futbolçylaryň arasynda girmegi başardy.Sanawda 3-nji orny argentinaly Lionel Messi eýeleýär.

Super ýyldyzyň şu ýylky gazanjy 110 million dollara deňdir.PSŽ-niň braziliýaly super ýyldyzy Neýmar Junior 91 million dollarlyk gazanjy bilen 4-nji orny eýeleýär. Öňdäki 4 futbolçydan soňky oýunçylaryň gazanjy ep-esli peselýär. Ýagny ady agzalan bu 4 futbolçy beýleki futbolçylardan 2 esse, hatda 3 essä golaý pul gazanýar.

Mysal üçin, “Liwerpulyň” müsürli ýyldyzy Mohamed Salah 5-nji orunda bolup, onuň şu ýylky gazanjy 39,5 million dollara deňdir.

2022-nji ýylyň iň köp pul gazanýan futbolçylary:

10. Antuan Grizmann 27,5 million dollar

9. Kewin De Bruýne 29 million dollar

8. Rahim Sterling 29,4 million dollar

7. Andreas Iniesta 30 million dollar

6. Edin Hazar 31,3 million dollar

5. Mohamed Salah 39,5 million dollar

4. Neýmar Junior 91 million dollar

3. Lionel Messi 110 million dollar

2. Kristiano Ronaldo 113 million dollar

1. Kilian Mbappe 125 million dollar

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
2023-nji ýylyň iň köp pul gazanan futbolçylary, Ronaldo ep-esli girdeji bilen öňde barýar
Goal-a görä, Messi Alty pökgä iň ýakyn futbolçy
… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema
“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi