Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler

15-nji dekabrda Arkadag şäher Söwda toplumynyň Arzuw toý mekanynda Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçiriljek jemleýji tapgyryna ýaş estrada aýdymçylaryň 10-sy gatnaşar.

Ýylyň dowamynda eminler toparynyň hem-de Türkmen owazy teleradioýaýlymynda, Owaz radioýaýlymynda halk köpçüliginden köp SMS habarnamasy gelen aýdymçylaryň 10-synyň atlary yglan edildi.Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýaş estrada aýdymçylar Perhat Öräýew, Şatlyk Gurbannazarow, Leýli Mämmedowa, Bahar Annaýewa, Batyr Muhammedow, Annaberdi Orazmämmedow, Aýjemal Jumanyýazowa, Han Pälwanow, Selbi Kakanowa, şeýle-de Ýegenmyrat Ýegenow dagy çykyş edip, öz başarnyklaryny görkezerler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilýän Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşigi zehinli aýdymçylaryň arasynda ýyldyz aýdymçyny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe bolan aýdym-saz bäsleşigidir.

Bu bäsleşik her ýyl asylly däbe eýe bolup, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär. Ýurdumyzda häzirki güne çenli dürli ýyllarda Ýylyň parlak ýyldyzy adyna eýe bolan aýdymçylaryň arasynda köpsanlysy Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly atlara mynasyp boldular.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 adyna haýsy aýdymçy mynasyp bolar.Elbetde bu sowalyň jogaby köpleri gyzyklandyrýar.Türkmenistanda ýola goýlan sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda ildeşlerimiz özleriniň söýgüli aýdymçylaryna 0500 gysga belginiň üsti bilen öz seslerini berip bilerler.

Halk köpçüliginden geljek sms habarnamalary bäsleşigiň jemlenýän pursatyna çenli hasaba alnar. Ýylyň parlak ýyldyzy halk köpçüliginden 0500 gysga belgä geljek seslere garaşýar.

Belläp geçsek, Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşigi 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Onuň ilkinji ýeňijisi Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewa. Bäsleşigiň geçen 2022-nji ýyldaky ýeňijisi bolsa Rüstem Hallyýewdir.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 bäsleşiginde haýsy aýdymçy ýeňiji bolar?!
Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 bäsleşiginiň finalçylary kesgitlenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Täk ýaşly ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi
Türkmenistanda ykdysadyýet boýunça talyplaryň arasynda geçiriler olimpiadanyň ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanyň alyş göreşi boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar