Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 bäsleşiginiň finalçylary kesgitlenildi

Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 bäsleşiginiň finalçylary kesgitlenildi

15-nji dekabrda Arkadag şäher Söwda toplumynyň Arzuw toý mekanynda Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýurduň ýaş estrada aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň şu ýyl geçiriljek jemleýji tapgyryna ýaş estrada aýdymçylaryň 10-sy gatnaşar.

Ýylyň dowamynda eminler toparynyň hem-de Türkmen owazy teleradioýaýlymynda, Owaz radioýaýlymynda halk köpçüliginden köp SMS habarnamasy gelen aýdymçylaryň 10-synyň atlary yglan edildi.Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýaş estrada aýdymçylar Perhat Öräýew, Şatlyk Gurbannazarow, Leýli Mämmedowa, Bahar Annaýewa, Batyr Muhammedow, Annaberdi Orazmämmedow, Aýjemal Jumanyýazowa, Han Pälwanow, Selbi Kakanowa, şeýle-de Ýegenmyrat Ýegenow dagy çykyş edip, öz başarnyklaryny görkezerler.

Türkmenistanda ýola goýlan sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda türkmenistanlylar özleriniň söýgüli aýdymçylaryna 0500 gysga belginiň üsti bilen öz seslerini berip bilerler. Halk köpçüliginden geljek SMS habarnamalary bäsleşigiň jemlenýän pursatyna çenli hasaba alnar.

Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşigi 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Onuň ilkinji ýeňijisi Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewadyr. Bäsleşigiň geçen 2022-nji ýyldaky ýeňijisi bolsa Rüstem Hallyýewdir.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 bäsleşiginde haýsy aýdymçy ýeňiji bolar?!
Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
TÝL ― 2020: Altymyrat Annadurdyýew möwsümiň iň netijeli futbolçysy boldy
Watany goramak - hormat-sarpaly kär