Ýylyň talyby 2026 bäsleşigi geçirildi

Ýylyň talyby  2026 bäsleşigi geçirildi

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda her ýyl geçirilýän döwlet bilim bäsleşiginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara ykdysadyýeti we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Ýylyň talyby 2026 diýen abraýly ada mynasyp boldy.

Daniýar ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebine wekilçilik edip, köpsanly zehinli talyplaryň arasynda bäsleşigiň ähli şertlerini berjaý edip, iň ýokary görkezijini gazanmagy başardy.Däp bolşy ýaly, bäsleşikde bellenen utuk ulgamy boýunça gatnaşyjylaryň ylmy-döredijilik we dersara bäsleşiklerinde, halkara olimpiadalarynda, sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri, medeni-köpçülikleýin we jemgyýetçilik çärelerine gatnaşyşy hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde eden çykyşlary göz öňünde tutuldy. 15 16-njy iýun aralygynda geçirilen jemleýji tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylara jemgyýetçilik-syýasy dersler, döwrebap kompýuter tehnologiýalary we daşary ýurt (iňlis) dili boýunça taýýarlanan test sowallary hödürlendi.

Jemleýji tapgyryň netijeleri boýunça şu ýyl tapawutlanan ýaşlaryň arasynda Daniýar Emirkulyýew iň ýokary görkezijini subut etdi we Ýylyň talyby 2026 diýen abraýly döwlet bilim bäsleşiginiň doly hukukly ýeňijisi diýlip yglan edildi.

Bäsleşigiň baş baýragynyň eýesi, şeýle hem hormatly birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelän iň gowy gatnaşyjylar bäsleşigiň guramaçylary Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýörite Hormat haty hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

Bäsleşigiň esasy maksady başarnykly, maksada okgunly talyplary, takyk we ynsanperwer ylymlaryň bilijilerini, döwrebap sanly tehnologiýalary, daşary ýurt dillerini kämil özleşdiren hem-de alan bilimlerini iş ýüzünde başarnykly ulanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan we goldamakdan ybaratdyr.

Her ýyl geçirilýän bu bäsleşik türkmen ýaşlarynyň ylmyň we tehnologiýanyň täze sepgitlerini özleşdirmäge bolan ymtylmalarynyň yzygiderli artýandygyny görkezýär hem-de talyplaryň Watanymyzyň geljekki ynamly ösüşini üpjün etmek we onuň halkara giňişligindäki abraýyny has-da berkitmek ugrunda has belent ylmy we döredijilik sepgitlerine ýetmekleri üçin güýçli itergi bolup hyzmat edýär.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň talyby 2026 bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Ýylyň garaşylýan filmleri 2
Bütindünýä Türki dili maşgalasynyň güni
Daniýa ABŞ-nyň Halkara Jenaýat Sudunyň sudýalaryna garşy sanksiýalaryna gynanç bildirdi
Russiýa Ýewropa bilen Sowuk söweşden soň baglaşan harby şertnamalaryny bes etdi