Ýylyň zenany atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi

Ýylyň zenany atly bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi

Mary welaýat zenanlar bölüminiň guramagynda Türkmeniň ak öýi binasynyň ýanyndaky 3000 orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binada Ýylyň zenany atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän gyz-gelinler gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin, Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin, Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasyny dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin, Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin, Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin, Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin, Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin ýaly ugurlar boýunça bäsleşdiler.

Bu ýerde haly we haly önümleriniň, keçelerdir palaslaryň, zenanlaryň milli lybaslarynyň, kümüş şaý-sepleriniň, el işleriniň sergisi guralyp, ondaky ähli milli gymmatlyklar bäsleşige gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler topary has tapawutly çykyş edenleri ýeňiji diýip yglan etdi. Şeýlelikde, bäsleşigiň welaýat tapgyrynda üstünlik gazanan zenanlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýene degişli makalalar

Balam konditer kärhanasynyň süýjülikleri Moskwada geçirilen halkara ýaryşda baýraga mynasyp boldy
Ýylyň - göreldeli okyjysy
Salam, Dogan!: Eşik düzgüniniň’ zenanlary tabynlyga, dar galyba salýandygy aýdylýar
Türkmenistanyň Prezidenti täze doglan taýçanaga Ylham diýip at goýdy
Germaniýada Yslamafobik Jenaýatlar Artýar
Halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry