Zarif: "ABŞ has köp çagany öldürip bilmegi üçin Ysraýyla takyk raketalar berýär" diýdi

Zarif: "ABŞ has köp çagany öldürip bilmegi üçin Ysraýyla takyk raketalar berýär" diýdi

Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif gabaw astyndaky Gaza garşy agyr hüjümlerini dowam etdirýän Ysraýyla 735 million dollarlyk takyk ok-därileriň satylmagyna rugsat beren we BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň hüjümleriň bes edilmegi baradaky tagallalara böwet bolýan ABŞ-nyň hökümetine reaksiýa bildirdi.

Zarif Twitterden beren beýanatynda: "Amerikada öndürilen ok-däriler bigünä palestinalylaryň üstüne ýagýan mahaly ABŞ has köp çagany takyklyk bilen öldürip bilmegi üçin Ysraýyla 735 million dollarlyk başga takyk raketalar berýär" diýip habar berdi.

ABŞ-nyň Ysraýylyň Palestinadaky hüjümleri bilen baglanşykly BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň bermegi meýilleşdiren umumy beýanata hem böwet bolýandygyny aýdan Zarif: "ABŞ BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň iň kiçi beýanatyna hem böwet bolýar. Ysraýyl we tarapdary pis ýüzüni görkezýän mahaly dünýä olara tomaşa edýär" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Ahalyň täze merkezi Arkadag ýaşyl we akylly şäher şahadatnamalaryna mynasyp bolar, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşar, Täjigistanyň meşhur aýdymçysy Aşgabatda boldy
Eýran Yslam Respublikasynyň Halapdaky Baş konsullygynyň açylyş dabarasy
Eýranyň we Irlandiýanyň daşary işler ministrleri ýadro şertnamasy we ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada maslahatlaşdylar
Eýran bilen Italiýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek
Çawuşogly Iýerusalim Üçin Telefon Diplomatiýasyny Dowam Etdirýär
Hatibzadeh: Wena gepleşiklerinde Eýranyň pozisiýasy sanksiýalaryň doly ýatyrylmagy