Eýran bilen Italiýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek

Eýran bilen Italiýanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek

Eýranyň we Italiýanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňelmegine we iki ýurduň ykdysady pudaklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täzeden başlamagyny nygtadylar.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif duşenbe güni Italiýanyň Daşary işler ministri Luigi Di Maio bilen bolan duşuşygynda Eýranyň jemgyýetçilik pikirinde italiýaly taraplar bilen hyzmatdaşlyga bolan oňyn garaýyşy göz öňünde tutup, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň peýdasyna ykdysady gatnaşyklaryň täzeden başlamagyndaky päsgelçilikleri aýyrmaly diýdi.

Zarif düýn Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň wirtual gyssagly ýygnagyna hem ünsi çekdi we sionist režimiň basyp alnan ýerleriň we Gazanyň halkyna garşy alyp barýan jynsparaz we söweş hereketlerini berk ýazgarmak bilen şeýle hem Damaskda ýerleşýän palestinaly toparlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklara yşarat edip Eýran Yslam Respublikasynyň ähli dinlerden we konfessiýalardan bolan ähli palestinalylaryň gatnaşmagynda referendum geçirmek baradaky usully pikirini düşündirdi we sionist režimiň Palestina halkyna eden rehimsiz hüjümlerinde ýene bir gezek ýazgardy.

Ýemen, Owganystan, Yrak bilen baglanyşykly meseleler we Wena gepleşikleri bilen baglanyşykly soňky wakalar Eýranyň Daşary işler ministriniň duşuşykda gürrüň eden beýleki temalarydy.

Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Luigi Di Maio‎ hem öz ýurdunyň, esasanam syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda Eýran bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýändigini aýtdy.

Şeýle hem Italiýanyň Daşary işler ministri ähli taraplar tarapyndan ýadro şertnamasynyň doly durmuşa geçirilmegini goldady we Eýran Yslam Respublikasy bilen möhüm sebit we halkara meselelerinde işjeň pikir alyşmaga we maslahatlaşmaga taýýardygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Eýran Ysraýyla garşy hüjüm başlatdy
Türkiýe Eýran Bilen Ysraýylyň Arasyndaky Dartgynlyk Boýunça Duýduryş Berdi
Damaskda Bolan Partlamanyň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Damaskda Motosiklede Goýlan Bomba Ýaryldy
Ysraýylyň, Siriýa Howa Hüjümini Gurandygy Öňe Sürüldi
Ýaşamaga iň oňaýly 10 şäher
Şu gün Gazagystanda Siriýa temaly maslahat geçiriler