Zeminiň süýji suwly howdanlary çalt yzgar ýitirýär

Zeminiň süýji suwly howdanlary çalt yzgar ýitirýär

Tehas uniwersitetiniň alymlary täze howp barada habar berdiler. Ýagny Ýerdäki süýji suwly howdanlar çalt bugaryp, suwuny ýitirip başlady. Kislorodyň azalmagyndan we zäherli suwotularyň köpelmeginden ötri, howdanlar çalt bugaryp, suwuny ýitirýär diýlip, Nature Communications neşirinde ýerleşdirilen habarda bellenýär. Bu barada MIR24 ýazýar.

Süýji suwly howdanlaryň ýeriň üstüniň 5 million inedördül kilometrini eýeleýändigi bellidir. Olar süýji suwuň 90 göterimini saklaýarlar we özboluşly ekoulgamlara eýedir.

Emma ählumumy maýlamanyň we Gün radiasiýasynyň ýokarlanmagy netijesinde suw howdanlaryň ýaşaýyş terzi özgerdi, alymlar suwuň aýlanyşygynyň has tizleşendigini belleýärler.

Ylmy-barlaga gatnaşyjylar munuň üçin bütin dünýäde 1,42 million sany süýji suwly kölüň bugaryş möçberini seljerdiler. Şunda 1985-2018-nji ýyllar aralygyndaky hemra maglumatlaryndan peýdalanyldy. Seljermäniň netijesinde atmosfera gidýän suwuň möçberiniň her ýyl üç trillion litre çenli artýandygy belli boldy. Alymlar munuň dünýäde senagat we durmuş maksatly suwuň jemi ulanyşyndan hem ýokary bolup biljekdigini aýdýarlar.

Ylmy-barlaglar şeýle-de bugarmanyň öň pikir edilişiniň tersine, suw dolanyşygyna uly täsir edýändigini görkezdi. Ol bolsa öz nobatynda howanyň ýagdaýyna hem ýaramaz täsir edýär.

Ýene degişli makalalar

Zeminde köller köpeldi
Alymlar şu günki hem-de mundan 30 ýyl öňki iýmitiň hilini deňeşdirdiler
Aýsbergleriň Eremegi Dünýäniň Ýuwaş Aýlanmagyna Sebäp Bolýar
ABŞ-da haýwanlaryň 40 göterimine ýok bolmak howpy abanýar
Kanadada iň tiz surata alýan kamera döretdiler
Alymlar: soňky 40 ýylda aýdymlaryň sözleri ýönekeý we birmeňzeş boldy