Zenan telekeçi öz ýetişdirýän künji hasylyndan ýag öndürýär

Zenan telekeçi öz ýetişdirýän künji hasylyndan ýag öndürýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Göwher Jumaýewa Lebap welaýatynyň çäginde döwlet tarapyndan bölünip berlen 5 gektar ýer böleginde ýetişdirýän künji hasylyndan “Nurber” haryt nyşanly künji ýagyny öndürýär. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe güni çap edilan sanynda habar berilýär.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän bu kärhanada künji ýagynyň ýylda 5 tonnadan gowragy öndürilip, ýurduň söwda nokatlaryna ugradylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, ýygnalan hasyl gönüden-göni önümçilikde peýdalanylyp, munuň daşyndan ýerli telekeçilerden hem ýokary hilli künji hasyly alynýar.

Künji ýagynyň düzümi ynsan saglygyny berkitmek üçin dürli maddalara baý bolup, ol, aýratynda, aşgazanda oňat özleşýär.

Ýene degişli makalalar

8-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
“Gyzyl alma” filminiň ilkinji görkezilişi
Ýewropada zawod gurar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Marsyň iň dury suraty düşürildi