Zenan türgenleriň halkara üstünligi

Hindistanyň Puna şäherinde kuraş boýunça geçirilen 13-nji dünýä çempionatynda türkmenistanly zenan türgenleriň üçüsi baýrakly orunlara eýe boldy. Olaryň biri dünýäniň wise-çempiony bolan bolsa, iki türgenimiz hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Milli ýygyndymyzyň kümüş medalyny Çärjew etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýşirin Haýdarowa eýeledi. Ol 48 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden rüstem çykmagy başardy. Final tutluşygyna çenli üstünlikli çykyş eden, diňe finaldaky garşydaşyndan ýeňlen türgenimiz kümüş medala we Dünýäniň wise-çempiony diýen belent ada mynasyp boldy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Aziza Gurbanowa 78 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşlara goşuldy. Ukyp-başarnygyny nobatdaky gezek halkara derejede ykrar etdiren ildeşimiz güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden üstün çykyp, bürünç medalyň eýesi boldy.

Edil şeýle üstünligi Lebap welaýatyndan tälimçi mugallym Aýnur Amanowa hem gazandy. Ol 52 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

61 döwletden 178 türgeni özünde jemlän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysy toparlaýyn hasapda ilkinji dörtlüge düşmegi başardy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda Altyn asyr we Şagadam toparlary öňdeligi eýelediler
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ýazyjy, şahyr, dramaturg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Merkezi aziýaly bir raýat terrorçylygy wagyz etmekde günäli tapylyp, sekiz ýyl azatlykdan mahrum edildi
Aýnur Amanowa Hindistanda geçirilen dünýä çempionatynda kümüş medal eýeledi
Aýşirin Haýdarowa ― kuraş boýunça dünýäniň wise-çempiony!