Zenanlary we Interneti çäklendirýän Türkmenistanda aýal-gyzlaryň arasynda ilkinji hakaton geçirildi

Zenanlary we Interneti çäklendirýän Türkmenistanda aýal-gyzlaryň arasynda ilkinji hakaton geçirildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (UNDP) zorlukly ekstremizme garşy göreş tagallalarynyň çäklerinde 12-14-nji awgust aralygynda zenan hukuklaryny we Interneti berk çäklendirmekde tankyt edilýän Türkmenistanda ilkinji aýallar hakatonyny geçirdi.

Hakatona gatnaşyjylaryň ählisi ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň howandarlygyndaky alty aýlyk “Launch Life Coding” taslamasynyň çäginde öňünden web sahypalary we amaly programmalary işläp düzmegi öwrendiler diýip, turkmenportal.com neşiri habar berýär.

BMG-niň Aşgabatdaky binasynda geçirilen hakatonyň maksady innowasiýa ideýalarynyň döredilmegi üçin platforma gurmakdan, maglumat tehnologiýalary pudagynda işlejek zenan işläp düzüjileri has köpeltmekden ybarat diýilýär.

Iki gün dowam eden marafona 35-den gowrak zenan programmist (9 topar) gatnaşdy.

UNDP Türkmenistanyň websaýty hakatonyň Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin jemgyýetde durnuklylygy ösdürmek global taslmasynyň çäginde geçirilendigini habar berýär. BMG ÝB hyzmatdaşlygynda amal edilýän bu taslama Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy hakatonyň tehnologiýa dünýäsinde gender dürlüligini ilerletmegi maksat edinýändigini habar berýär.

Şu maksatlardan ugur alyp, hakatonyň dowamynda her topar üçin ýumuş hökmünde gender deňligini maksat edinýän we aýal-gyzlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini işe, okuwa ýerleşdirmek arkaly giňeltmäge kömek berýän web programmasyny döretmek tabşyrylypdyr.

Ýaryşa gatnaşan aýal-gyzlaryň hödürlän web taslamalary barada jikme-jik maglumat berilmeýär.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanyň hökümeti hem aýal-gyzlaryň hukuklaryny, hem Interneti berk çäklendirmekde hukuk goraýjy toparlar tarapyndan berk tankyt edilýär.

Zenanlaryň arasynda hakaton geçirilip, gender deňliginiň ilerledilýändigi aýdylýan, şol bir wagtda hakaton bilen zorlukly ekstremizmiň öňüniň alynmagyna ýardam berilýändigi aýdylýan Türkmenistanda Facebook, Twitter, YouTube, Instagram ýaly iri sosial torlar, WhastApp, Telegram, Viber ýaly iri messenjerler häkimiýetler tarapyndan petikli saklanýar.

Azatlygyň habarçylary türkmen häkimiýetleriniň Internet toruna garşy alyp barýan ýowuz’ göreşiniň çäklerinde ýurtda şu wagta çenli ulanyjylar üçin elýeterli bolan ýeke-täk messenjeriň, IMO goşundysynyň ýiti çäklendirilip başlanandygyny 12-nji awgustda habar berdiler. Bu habar Aşgabatda zenanlaryň arasynda geçirilen hakatona badalga berlen gününe gabat geldi.

Türkmen hökümeti diňe bir Interneti däl, eýsem aýal-gyzlaryň hukuklaryny hem çäklendirmekde berk tankyt edilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary türkmen jemgyýetinde ozalam gysylýan zenan hukuklarynyň aprel aýyndan bäri täze derejelere çykarylandygyny, häkimiýetleriň aýal-gyzlaryň daş sypatyna gözegçiligi güýçlendirendiklerini habar berip gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri hususan-da aprel aýyndan başlap, aýal-gyzlara botoks etdirmek; gaş çekdirmek; kirpik, dyrnak uzaltmak, olary boýatmak; saç reňletmek ýaly aýal-gyzlaryň daş keşbine serenjam bermek aladalaryny gysyp başlady.

Azatlygyň habarçylary ýollarda aýal-gyzlary saklap, olaryň dyrnaklaryny barlaýan polisiýa işgärleri, býujet işgärleri bilen ýygnak geçirip, türkmen däp-dessurlaryny gorap saklamak tagallarynyň çäklerinde, “emeli gözellige” garşy wagyz-nesihat işlerini güýçlendirýän türkmen resmileri barada habar berdiler.

Halkara guramalaryň Aşgabatda geçiren zenan hakatony, synçylara görä, zenan hukuklarynyň we Internet azatlygynyň Türkmenistandaky kyn ýagdaýyna belli bir derejede, gytaklaýyn hem bolsa, ünsi çekýär.

Türkmen hökümeti ýurtda gender deňliginiň ösdürilýändigini aýdýar.

Turkmenportal.com neşirine görä, Aşgabatda ilkinji hakaton geçen ýylyň iýulynda geçirildi.

“Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin çeýeligi güýçlendirmek” BMG-ÝB bilelikdäki taslamasyna Türkmenistanda 2020-nji ýylyň dekabrynda badalga berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Plasido Domingo Dimaş Kudaýbergene bilelikde aýdym aýtmagy teklip etdi
Türkmenistanyň dünýäniň energiýa bazaryndaky orny Turkmenportalyň awgust seljermesi
Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň fotohabarçylary halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmen fotožurnalistleri halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
Alibaba Jek Manyň tankydy çykyşyndan soň bir ýylda gymmatyny ýitirmek boýunça dünýä lideri boldy