Žorž Sen-Pýer Habib Nurmagomedowa söweşmegi teklip etdi

Žorž Sen-Pýer Habib Nurmagomedowa söweşmegi teklip etdi

Iki agram kategoriýasynda UFC-niň ozalky çempiony Žorž Sen-Pýer ýeňil agramda ozalky çempion Habib Nurmagomedowa söweşmegi teklip etdi. Bu barada UFC-niň prezidenti Deýna Uaýta salgylanyp, Nurmagomedowyň menejeri Ali Abdel-Aziz gürrüň berýär diýip, championat.com belleýär.

Biz Žorža dört ýa-da bäş ýyl garaşdyk, ol bir görseň-ä, razy bolýardy, bir görseňem, ýok.Ahyrynda, UFC onuň ýeňil agramda söweşmegini isledi, ol bolsa ýarym orta agrama geçdi.

Indi welin ol şeýle diýýär: men karýeramy tamamladym, Habib hem tamamlady, ony dikeltmek we söweşmek nähili bolar?” diýip, Bloody Elbow menejeriň sözlerini getirýär.Sen-Pýer 2019-njy ýylyň fewral aýynda, Nurmagomedow 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. 2021-nji ýylyň mart aýynda rus söweşijisi bu gelen netijesini resmi taýdan tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Habib Dana Uaýtyň pikiriçe MMA-nyň taryhynda iň güýçli söweşijileriň üçlügine girmedi
Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär
Umar Nurmagomedow UFC bilen täze şertnama baglaşdy
Mahaçýew Oliweýranyň ýeňişli ýörişine nokat goýdy
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Garaşylmadyk habar: Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi