02.12.2020 | Gurluşyk ulgamynyň senagat binýady berkidilýär

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde şanly senä gabatlanyp täze desgalaryň açylyş dabaralary geçirilýär.

Şu gün Gökdepe etrabynda beton gurnamalarynyň dürli görnüşlerini öndürýän durky täzelenen we döwrebaplaşdyrylan kärhana işe girizildi. Çärä ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, bu desga milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen sebitleri senagatlaşdyrmak, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça kuwwatlyklary artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki zaman senagat düzümleriniň döredilmegine iri möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär, munuň özi welaýatlaryň toplumlaýyn ösdürilmegine we tutuşlygyna ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.

Bu giň gerimli işlere kiçi we orta telekeçiligiň wekilleri işjeň gatnaşýarlar, häzirki wagtda olar üçin giň mümkinçilikler açylýar. Milli Liderimiziň ykdysadyýetiň döwlete dahylçyz bölegine berýän hemişelik goldawy netijesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli pudaklarda iri taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik aldylar.

Şunuň bilen baglylykda, hut şu etrapda 19-njy noýabrda hususy işewürligiň desgasynyň demir-beton önümleri kärhanasynyň ulanmaga berlendigi bellenildi.

Belli daşary ýurt kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen, durky täzelenilen bu desganyň işe girizilmegi bilen onlarça täze iş orunlary döredildi. Kärhananyň durkuny täzelemek üçin bölünip berlen ýer bölegi 3,36 gektara deňdir, bu işleri “Sähra gurluşyk” hususy kärhanasy amala aşyrdy.

Türkmenistanda dürli desgalar gurlanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ekologiýa howpsuzlygy talaplarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýändigini bellemek gerek. Täzeçil we häzirki zaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu kärhananyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak işlerinde şeýle meseleler göz öňünde tutuldy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerine uly üstünlikler arzuw etdiler.

Baýramçylyk görnüşinde bezelen täze binanyň ýanyndaky meýdançada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň gazananlaryny wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Desganyň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Türkiýäniň Arasynda Syýahatçylyk Ösýär
Türkmen howa ýollary sentýabr aýynda Türkiýä 9 ýolagçy uçuşyny amala aşyrar, Aşgabatda Moda hepdeligi geçiriler, Türkmenistanyň Prezidenti mekdep uçurymlaryna harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmäge mümkinçilik berýän kanuna gol çekdi
Türkmen alymlary bugdaýyň ýokary hasyl berýän iki sortuny döretdiler
Owganystanyň türkmen dilli 'Göreş' gazeti 44 ýyl soň öz işini bes etmeli boldy
Medeniýet hepdeliginde täze türkmen kinolary görkeziler
Türkmenistanda tennis boýunça Aşgabadyň çempionatynyň netijeleri jemlendi
Türkmenistanyň 3 welaýatynda galla oragyna girişildi