Türkmen howa ýollary sentýabr aýynda Türkiýä 9 ýolagçy uçuşyny amala aşyrar, Aşgabatda Moda hepdeligi geçiriler, Türkmenistanyň Prezidenti mekdep uçurymlaryna harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmäge mümkinçilik berýän kanuna gol çekdi

Türkmen howa ýollary sentýabr aýynda Türkiýä 9 ýolagçy uçuşyny amala aşyrar, Aşgabatda Moda hepdeligi geçiriler, Türkmenistanyň Prezidenti mekdep uçurymlaryna harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmäge mümkinçilik berýän kanuna gol çekdi

1. Türkmenistan awiakompaniýasy Türkmenistandan Türkiýä we yzyna dokuz ýolagçy uçuşyny amala aşyrar. Türkmenabatdan Stambula uçuşlar 7, 11, 15, 20, 24, 28-nji sentýabrda we 2-nji oktýabrda, Türkmenbaşydan Stambula 1-nji we 3-nji oktýabrda göz öňünde tutulýar.

2. 2-7-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda Moda hepdeligi geçiriler, onuň çäklerinde türkmen paýtagtyndan dizaýnerleriň iň gowy egin-eşik toplumlarynyň görkezilişi guralar. Çärä Mähirli Zenan, Nur Ýüpek, Aşgabat we Sähra Sahin modalar öýleri gatnaşarlar. Olar tomaşaçylaryň dykgatyna erkekler, aýallar we çagalar üçin milli hem-de döwrebap biçüwdäki güýzki egin-eşik toplumlaryny hödürlärler.

3. Türkmenistanda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň täze ýolbaşçysy saýlandy. Aşgabatda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň dowamynda guramanyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Ýazpolat Keriýew, başlygynyň orunbasary wezipesine bolsa Döwletgeldi Durdymuhammedow saýlanyldy.

4. 3-nji sentýabrda Aşgabadyň çäklerinde ýylylyk torlarynyň gidrawliki barlaglary başlanar. Ýyladyş möwsümi başlanmazdan öň barlaglary we abatlaýyş işlerini geçirmek üçin suw goýberiler. Suw syzmasy ýüze çykanda gyssagly ýagdaýda Aşgabatýylylyk trestine ýüz tutuň.

5.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň täze neşirine gol çekdi.Täze neşire 18 ýaşly mekdep uçurymlaryna güýzki çagyryş möwsümine çenli harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmäge mümkinçilik berýän kanun goşuldy. Şeýlelikde, ýaşlar giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, ýokary okuw mekdeplerine, ýokary hünär we orta hünär bilim edaralaryna girmek we öz okuwlaryny dowam etdirmek mümkinçiligini alarlar.

6. 33 ýaşly Aişa Al Mansuri BAE-niň taryhyndaky howa gämisiniň ilkinji zenan uçarmany boldy. Ol Etihad awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarlaryny dolandyrar. Aişa Al Mansuriniň 6000 sagatdan gowrak sagat uçuş we awiasiýada 15 ýyl iş tejribesi bardyr.

7. Gazagystan 10-njy sentýabrda dänäni we uny eksport etmek boýunça çäklendirmeleri aradan aýrar, şeýle-de iri we ownuk şahly mallary eksport etmek boýunça ýeňillikleri girizer.

8. ABŞ-nyň Nebraska ştatynyň ýaşaýjysy Dueýn Hansen adaty bolmadyk rekord goýdy. Ol Missuri derýasyny kädili ýüzüp geçdi. 60 ýaşly amerikala özüne gerek bolan möçberdäki kädini ösdürip ýetişdirmek üçin 5 ýyl gerek bolupdyr. Ol öz syýahatyna Belwýu şäherinde başlap, kädi gaýykly 12 sagatda 61 kilomter geçip, Nebraska-Siti şäherine geldi.

9. 3х3 basketbol boýunça Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylary (U17) 13-16-njy oktýabrda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda geçiriljek Aziýanyň Kubogyna taýýarlyk görýärler. Milli ýygyndylara oýunçylary saýlamak üçin Türkmenistanda çempionat geçirilip, oňa 16 sany erkekler we 11 sany zenanlar toparlary gatnaşdylar. Bäsleşik Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sport meýdançasynda geçirildi.

10. Abdyş Ata toparynda çykyş edýän türkmen futbolçysy Rahat Japarow Gyrgyzystanyň Kubogyna eýe boldy. Ýurduň Kubogy ugrundaky final duşuşygynda Abdyş Ata Koçkor Atanyň Neftçisinden 1:0 hasabynda üstün çykdy.

11. Ahal futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty 2022-niň birinji aýlaw tapgyrynyň ýeňijisi boldy, topar 19 utuk toplap, ikinji orundaky Altyn asyrdan 4 utuk öňde barýar. Üçünji orunda bolsa 13 utuk bilen Merw topary barýar.

Ýene degişli makalalar

'Milli medeniýet' bilen düşündirilýän diskriminasiýa. 'Amnesty International', Türkmenistanda adam hukuklaryna baha berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutladylar
Prezident Erdogan BAE-de saparda bolýar