Düýn UEFA-nyň Nýondaky (Şweýsariýa) merkezi edara binasynda Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň bijeleri çekildi.Bijä laýyklykda, “Mançester Ýunaýted” Awstriýanyň LASK topary bilen bije çekişdi. “Interiň” bijesine Ispaniýanyň “Hetafe” topary düşdi.
Kubogy iň köp eýelän “Sewilýa” bolsa, 1/8 finalda Italiýanyň “Roma” topary bilen duşuşar.Bilermenleriň pikirine görä, bu duşuşyk tapgyryň iň köp ünsi çekýän oýny hasaplanýar. “Arsenaly” El-Arabiniň soňky minutlarda geçiren goly bilen ýaryşdan çykaran “Olimpiakos” topary 1/8 finalda başga bir iňlis kluby “Wulwerhempton” topary bilen çärýek finala çykmak ugrunda özara güýç synanyşar.1/8 finalyň bijeleri:“Istanbul Başakşehir”“Kopengagen”“Olimpiakos”“Wulwerhempton”“Reýnjers”“Baýer”“Wolfsburg”“Şahtýor Donesk”“Inter”“Hetafe”“Sewilýa”“Roma”“RB Salsburg”/“Aýntraht”“Bazel”LASK“Man. Ýunaýted”
