Myhmanlaryň üstünliginde geçen tapgyr

UEFA Çempionlar ligasynda 3-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji duşuşyklary myhmançylykda toparlaryň üstünliginde geçdi. 10 oýnuň diňe 1-inde ýer eýeleri ýeňen bolsa, 5-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy. 4 duşuşyk deňlikde tamamlandy.

Azerbaýjanyň “Garabagy” myhmançylykda Kipriň APOEL-inden Emreli we Geýeniň gollary bilen 21 üstün çykdy.Tapgyryň iň garaşylmadyk netijesi “Bazel” bilen LASK-yň arasyndaky oýunda hasaba alyndy.Duşuşykda myhmanlar 21 hasabynda ýeňiş gazandy. “Olimpiakosdyr” “Porto” toparlary degişlilikde, “Istanbul Başakşehir” we “Krasnodary” 10 hasabynda ýeňdi. “Olimpiakosyň” goluny Giorgos Masuras (53), “Portonyň” goluny bolsa, Serjio Oliweira (89) derwezä gönükdirdi.

Kiýewiň “Dinamosy” hem myhmançylykda “Klub Brýuggeden” şol hasap bilen asgyn geldi (Wanaken 37 p).Geçen möwsümiň ýarym finalçysy “Aýaks” myhmançylykda PAOK bilen 22 hasabynda deňme-deň oýnady. 3-nji saýlama tapgyrynyň jogap oýunlary 13-nji awgustda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

“Bazel” PSW-ni ýaryşdan çykardy
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
“Krasnodaryň” garaşylmadyk ýeňşi
UEFA Ýewropa ligasynyň toparçalary belli boldy
24 duşuşygyň 12-sinde myhmanlar ýeňiş gazandy
“Roma” Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna çykdy