10 Welaýatda Adatdan Daşary Ýagdaý Yglan Edildi

10 Welaýatda Adatdan Daşary Ýagdaý Yglan Edildi

Prezident R.T.Erdogan Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden zyýan çeken 10 welaýatda 3 aýlyk möhlet bilen adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilendigini aýtdy.

“Diňe bir Respublika taryhymyzyň däl, sebitimiziň we dünýäniň iň agyr tebigy apatlaryndan birini başdan geçirýäris” diýen Erdogan; “3549 adam pidasy, 22,168 ýaralymyz bar. Häzirki wagta çenli 8 müňden gowrak raýatlarymyzyň harabalygyň aşagyndan halas edilmegi iň uly tesellimiz” diýdi.

Erdogan; “Konstitutsiýanyň 119-njy maddasynyň bize beren ygtyýaryna laýyklykda Adatdan daşary ýagdaý dolanşygyny yglan etdik. Ýer titremesiniň başdan geçirilen 10 welaýatymyzy Umumy durmuşa zyýanly täsir ýetirýän tebigy apat sebiti diýip yglan edýäris” diýdi.

Prezident Erdogan häzirki wagta çenli 54 müň çadyryn, 102 müň düşegiň we beýleki zerur bolan goşlaryň sebite ugradylandygyny nygtap; “Häzirki wagtda 53,317 gözleg-halas ediş gullukçymyz bilen goldaw işgärleri ýykylan binalarda iş alyp barýar. Ýurduň içinden we daşyndan gelenler bilen sanlary günsaýyn artýar” diýdi.

Prezident Erdogan häzirki wagta çenli 70 ýurtdan we 14 halkara guramasyndan kömek teklibiniň gelip gowuşandygyny beýan edip; “Bize telefon eden 18 döwlet we hökümet ýolbaşçysy bilen gepleşik geçirdik. Ýurdumyzyň agyr günlerinde kömek goldawyny we teklibini ýetirmek üçin telefon eden, ýüzlenme ugradan, beýannama beren ähli dostlarymyza, ähli döwlet we hökümet ýolbaşçylaryna sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe Gaza Synagyndan Üstünlikli Geçen Ýurtlardan Biri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny