10 ýyllyk tälimçisini wezipesinden boşatdy

Angliýanyň Premier Ligasynda 18-nji orunda barýan we aşaky liga düşmezlik üçin göreş alyp barýan Býornli topary tälimçisi Şon Daýçy wezipesinden boşatdy. 50 ýaşyndaky hünärmen mundan tas 10 ýyla golaý (9 ýyl 166 gün) ozal Býornli toparynyň tälimçiligine bellenipdi.

Býornli onuň tälimçiliginde 2 gezek Championship-den Premier Liga çykarmagy başardy.Topar onuň tälimçiliginde 2018/19 möwsüminde-de, ýagny 51 ýyldan soň Ýewrokuboklara gatnaşyp, UEFA Ýewropa Ligasynda çykyş etdi.

Karýerasyna Watfordda başlan Daýç Býornlide 425 oýunda 149 ýeňiş gazandy, 158 gezek utuldy.Býornli soňky 6 duşuşykda 5 gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Ýene degişli makalalar

Çempionat tamamlanyp barýar, entek bir gezek hem duşuşmadylar
Topragyň hakyky eýesi Nadal
London klublarynyň täze transferleri
UFC 287: Adesanýa guşagyny yzyna aldy
“Liwerpulyň” öz meýdançasyndaky hökmürowanlygy soňlandy
Fergusondan soň ilkinji gezek…