Fergusondan soň ilkinji gezek…

Angliýanyň “Premier Ligasynda” 1-nji tapgyryň galdyrylan oýnunda duşuşykda “Mançester Ýunaýted” myhmançylykda “Býornlini” 1-0 hasabynda ýeňdi.Mankunianlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 77-nji minutda Pol Pogba öz adyna ýazdyrdy.

Bu ýeňişden soň, utugyny 36-a ýetiren “Mançester Ýunaýted” sanawda 1-nji orna beýgeldi. “Mançester Ýunaýted” topary 2013-nji ýyldan soň ilkinji gezek 1-nji orna çykdy. Ýagny toparyň rowaýaty tälimçisi Ser Aleks Fergusonyň pensiýa çykanyndan soň, ilkinji ýola sanawyň iň öňdäki basgançagyna beýgeldi.

“Mançester Ýunaýted” 19-njy tapgyryň çäklerinde 17-nji ýanwarda myhmançylykda 2-nji basgançakda barýan “Liwerpul” bilen duşuşar.

The post Fergusondan soň ilkinji gezek… appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Çelsi” ukrainaly ýyldyzy düzümine goşdy, klubuň iň gymmat 2-nji transferi
Golden Boy 2023-iň ýeňijisi mälim edildi
Benzema 6 ýyldan soň ýygynda çagyryldy, Fransiýanyň ýygyndysy mälim edildi
“Mançester Ýunaýted” gol bolup ýagdy
Ronaldu “Mançester Ýunaýtede” dolanmak üçin aýlyk hakynyň azaldylmagyna razy
Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşyklary geçirildi