965 million dollarlyk final we haýsy teleýaýlymlarda görkeziler

UEFA-nyň ikinji derejeli klub ýaryşy bolan Ýewropa Ligasynda çempion şu gije belli bolýar. Aşgabat wagty bilen 00:00-da, ýagny ýarygijede başlanjak finalda Ispaniýanyň “Wilýarreal” topary bilen Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary duşuşar. Polşanyň Gdansk şäheriniň adybir stadionynda oýnaljak oýna fransiýaly Klemen Turpen eminlik eder

Öňki 4 oýun golsuz tamamlandy

Iki topar mundan ozal 4 gezek gabatlaşdylar. 4 duşuşyk hem Çempionlar ligasynyň çäginde bolup, 2005/06 hem-de 2008/09 möwsümlerinde toparçalarda oýnalan bu 4 oýunda-da hasap açylmady.

“Wilýarreal” UEFA-nyň ýaryşlarynda iňlis klublary bilen mundan öň 17 gezek duşuşdy. Şolarda 5 ýeňiş gazanan ispan topary şonça-da utuldy, 7 oýny deňme-deň oýnady. “Ýunaýted” bolsa 62-nji ispan klublary bilen güýç synanyşar. Öňki oýunlarda 22 gezek utulan “Ýunaýted” 16 duşuşykda ýeňiş gazandy (23 deňlik).

“Wilýarreal” tälimçisine, “Ýunaýted” ýyldyzlaryna bil baglaýar

Ýewropa Ligasyndaky ilkinji kubogyna ymtylýan “Wilýarreal” bu kubogy yzly-yzyna 3 gezek eýelän tälimçisi Unaý Emerä uly umyt bildirýär. Žerar Moreno we Pako Alkaser ýaly ýyldyzlary bilen finala çenli ýeňlişsiz gelen “Wilýarreal” kubogy eýelese, onda olar täze möwsümde UEFA Çempionlar Ligasyna gatnaşar.

Bruno Fernandeş, Reşford, Kawani, Pogba, Maguaýr ýaly ýyldyzlaryna bil baglaýan “Mançester Ýunaýted” finala çenli 8 duşuşygyň diňe birinde utuldy (“Romadan” asgyn geldi).

965 million dollarlyk final

Finalda çykyş etjek iki toparyň oýunçylarynyň transfer bazaryndaky bahasy umumylykda 964,45 million ýewro deňdir. “Transfermarkt”-iň maglumatlaryna görä, “Wilýarrealyň” gymmaty 247,70 million ýewro, “Mançester Ýunaýtediň” gymmaty-da 716,75 million dollar möçberindedir.

Haýsy teleýaýlymlarda görkeziler?

Final duşuşygy Russiýanyň “Match!”, “Match futbol 1”, Täjigistanyň “Varzish”, “Football” teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda efire berler.

Ýene degişli makalalar

Ýewropanyň Çempionlar ligasynda ähli çärýek finalçylar belli boldy
“Barselonanyň” öňki oýunçysy BAE-de çykyş eder
Ramosy, De Heany almady Enrike Ispaniýanyň düzümini mälim etdi
Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň birinji duşuşyklarynyň netijeleri
Ýewropa ligasynyň çempiony “Wilýarreal”
Ramos çagyrylmady, “Realdan” ýeke oýunçy hem ýok