“Golden Boy” baýragynyň bu ýylky ýeňijisi mälim edildi

Italiýanyň “Tuttosport” gazeti tarapyndan Ýewropada oýnaýan 21 ýaşdan kiçi iň gowy futbolça berilýän “Golden Boy” baýragynyň bu ýylky ýeňijisi belli boldy. Ýaş futbolçylaryň arasyndaky bu arzyly baýraga PSŽ-niň fransiýaly ýarymgoragçysy Dezire Due laýyk görüldi. 20 ýaşyndaky futbolçy geçen möwsümde 61 oýunda meýdança çykyp, 16 gol geçirdi we 16 asist etdi.

Dezire Due bu ugurda Arda Güler, Estewao, Maýlz Lýuwis-Skelli ýaly futbolçylary yzda galdyrdy.

Baýragy Ýamal, Bellingam, Gawi, Pedri, Holann, Feliks, De Ligt, Mbappe, Pogba, Aguero, Fabregas, Messi, Runi ýaly ýyldyzlar hem alypdy.

Zenanlaryň arasynda bolsa “Golden Girl” baýragyna tomusda Arsenaldan Braýtona kärendesine geçen 19 ýaşyndaky angliýaly Mişel Agemang mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

“Golden Boy” baýragynyň bu ýylky ýeňijisi mälim edildi
Ýuwentus De Ligtiň öwezini doldy
Ýyldyz futbolçylaryň meşhur menejeri aradan çykdy
“Golden Boy” baýragynyň dalaşgärleriniň sany 25-e düşürildi
Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri 1-nji maý)
Dortmundyň "Borussiýasynyň" hüjümçisi Holland “Golden Boy” baýragyny aldy