Dortmundyň "Borussiýasynyň" hüjümçisi Holland “Golden Boy” baýragyny aldy

Dortmundyň "Borussiýasynyň" hüjümçisi Holland “Golden Boy” baýragyny aldy

Germaniýanyň Dortmundyň "Borussiýasynyň" hüjümçisi Erling Holland “Golden Boy” baýragyna mynasyp boldy. Bu barada sportbox.ru habar berdi.

Bu baýrak her ýyl Ýewropanyň ýaşy 21-den geçmedik iň gowy ýaş futbolçysyna berilýär. Şol bir wagtyň özünde, baýragyň dalaşgäri Ýewropa çempionatlarynyň birinde iň ýokary düzümde oýnamaly. 20 ýaşly norwegiýaly Holland "Tuttosport" bilen geçirilen söhbetdeşlikde bu baýragy alanyna buýsanýandygyny aýtdy.

Baýrak oňa geljekde üstünlik gazanmak üçin itergi berýär. Şeýle hem Holland öz öňünde täze maksatlary goýýandygyny aýdýar.Ondan öň “Golden Boy” baýragyna Madridiň “Atletikosynyň” hüjümçisi Joao Feliş (2019), “Ýuwentusyň” goragçysy Matteýs de Ligt (2018) we "PSŽ-niň" hüjümçisi Kilian Mbappe (2017) mynasyp bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Ýewropanyň iň gowulary saýlanar
“Golden Boy” baýragynyň bu ýylky ýeňijisi mälim edildi
Ýewro-2020: Çehiýa Niderlandlary utup, çärýek finala çykdy
Torino Ýuwentus bilen utuk paýlaşdy
Ýuwentus De Ligtiň öwezini doldy
Wan Gaal Niderlandlaryň düzümini äşgär etdi
“Golden Boy” baýragynyň bu ýylky ýeňijisi mälim edildi