“Liwerpulyň” öz meýdançasyndaky hökmürowanlygy soňlandy

Angliýanyň çempionaty “Premier Ligada” “Liwerpula” eýýäm 5 tapgyrdan bäri ýeňiş gazanmak başardanok.Geçen möwsümde 30 ýyldan ilkinji çempionlygyny gazanan topar 18-nji tapgyryň galdyrylan oýnunda öz meýdançasynda “Býornliden” 10 asgyn geldi.

Aşaky orunlarda barýan “Býornli” toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 83-nji minutda Eşli Barns penaltiden derwezä girizdi. Şunlukda, “Liwerpul” öz meýdançasynda 68 oýundan soň (3 ýyl 273 günden soň) ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy. Öz meýdançasynda ýeňilmezlik rekordy 86 oýun bilen “Çelsi” toparyna degişlidi. “Liwerpul” şol 68 oýnuň 55-sinde ýeňiş gazanyp, 13-ünde deňme-deň oýnapdy.

Topar soňky gezek “Anfield”-de 2017-nji ýylyň aprelinde “Kristal Palasdan” utulypdy. Şeýle-de, “Liwerpul” 1974-nji ýyldan bäri ilkinji sapar “Býornliden” ýeňildi.

The post “Liwerpulyň” öz meýdançasyndaky hökmürowanlygy soňlandy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Liwerpul” 4-nji orna geçdi, UÇL-e gatnaşmak ugrunda ýiti göreş dowam edýär
Angliýanyň “Premier Ligasynda” 10 günde 30 duşuşyk oýnalar
UFC 287: Adesanýa guşagyny yzyna aldy
Ýalňyzlyga garşy göreş — 2021-nji ýylyň esasy tehnologiýa ugry
Fergusondan soň ilkinji gezek…
FA Kubogynyň 1/16 finalynda iki läheň duşuşar