100 sany uçýan taksi sargyt etdi

Saud Arabystanynyň “Saudia Group” awiakompaniýasy “Lilium Jet” atly nemes kompaniýasyndan 100 sany uçýan taksi sargyt etdi. Şertnama görä, uçýan ulaglar dolulygyna elektrik energiýasy bilen işlemeli.Nemes kompaniýasy sargyt edilen ulaglaryň 50 sanysynyň anyk, galan 50-si bilen bagly teklibiň soň berlip bilinjekdigini mälim etdi. 4-6 orunlyk taksiler 2026-njy ýylda “Saudia Group”-yň flotuna goşular. Şertnama saud kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň Germaniýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Mýunheniň golaýyndaky edara binasynda gol çekildi. “Lilium”-iň esaslandyryjysy Daniýel Wýegand şertnamanyň umumy bahasynyň 700 million dollardygyny belledi.

Dikligine uçup hem gonup bilýän nemes kompaniýasy sargytlary ýerine ýetirmek üçin müşderilerden öňünden töleg alýar.Saud Arabystany bu taksileri Mekge we Jidde aralygynda zyýaratçylary gatnatmak üçin, paýtagt Er-Riýadda geçirilýän iri sport çärelerinde hem-de ýurduň syýahatçylyk ýerlerinde ulanmagy maksat edinýär.

Uçýan taksileriň 50 birlikden ybarat bolan ilkinji tapgyry 2029-njy ýyla çenli doly tabşyrylar.

“Saudia Group” 2030-njy ýyla çenli ýyllyk hyzmat edýän ýolagçylarynyň sanyny üç esse artdyryp, 300 milliona ýetirmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
Ministr Fidan Er-Riýadda möhüm duşuşyklar geçirdi
UEFA Çempionlar ligasynyň finaly Nýu Ýorkda oýnalmagy mümkin
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawod awiýasiýada ulanylýan JetA-1 ýangyjynyň önümçiligi boýunça tender yglan etdi
103 günlük aratapawut bilen 6 gün öň täzelenen rekordy täzeledi
TNGIZT-de kerosiniň täze görnüşi öndürilip başlandy