159 million agaç ekildi

159 million agaç ekildi

Saud Arabystany Patyşalygynda 1 million gektardan gowrak meýdanda 159 milliondan gowrak agaç nahaly ekilip, çölleşmek bilen göreşmekde uly sepgide ýetildi. Ýurtda 2,5 million gektar meýdanyň tokaýlaşdyrylmagy maksat edinilýär.

Saudi Green Initiative maksatnamasynyň çäklerinde uzak möhletde jemi 10 milliard düýp agaç nahalynyň oturdylmagy göz öňünde tutulýar.Tokaýlaşdyrylan meýdanlar ýygnalan ýagyş suwy bilen damjalama usulynda suwarylýar.Deňiz kenarlarynda bolsa, arassalanan deňiz suwuny ulanmak arkaly mangrow tokaýlary döredilýär. 2050-nji ýyla çenli dowam etdiriljek maksatnamanyň çäklerinde ýurduň 13 sebitinde 350 görnüşli ösümlik ekilýär.

BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş konwensiýasy (UNCCD) bu taslama ýokary baha berýär. Saud Arabystany Patyşalygy 17-28-nji awgust aralygynda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda geçiriljek UNCCD COP17 maslahatynda bu taslamanyň netijeleri bilen tanyşdyrar. Saud Arabystany Patyşalygy COP17 maslahatynda mundan ozalky maslahatyň (COP16) ýer eýesi hökmünde çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
"Broadway. Dowamy”. Keýt Bass we Aarun Ýang türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler
Türkmenistan ýaşlar syýasatynda, ulagda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklara eýe boldy
Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär
Ekoişjeňler Jenap Bini aýyplaýarlar