16-njy tapgyr derbileriň tapgyry

Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynda 16-njy tapgyryň duşuşyklary geçirildi.Derbiler tapgyry hökmünde hasaba alnan bu tapgyrda 17 gol derwezä girizildi.Tapgyryň merkezi oýnunda “Altyn asyr” bilen “Ahal” duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýeňiş gazanan bolmady. 42-nji minutda Elman Tagaýew bilen öňe saýlanan “Ahal” toparyna üstünligini saklamak başartmady. 55-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew hasaby deňledi. Ýeri gelende aýtsak, mundan 1 hepde ozal oýnalan Naýbaşy Kubogynyň duşuşygynyň-da esasy wagty 11 deňlikde gutaryp, penaltilerden soň, “Altyn asyr” ýeňşini baýram edipdi.

Paýtagtda oýnalan ýene bir derbide “Köpetdag” myhmançylykda “Aşgabatdan”

31 üstün çykdy. 44-nji minutda Döwran Hojamuhammedowyň goly bilen öňe saýlanan “Aşgabat” 2-nji ýarymda

derwezesinden 3 gol geçirtdi (Döwletmyrat Seýitmuhammedow 66, Serdar Baýramow

79 p, Elýas Akyýew 90+4).

Mary welaýat derbisinde-de “Merw” topary “Energetik” toparyny 3-2 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykda Pirmyrat

Gazakow 2 gezek

tapawutlanyp, toparynyň ýeňiş gazanmagynda uly rol oýnady. Energetikden Rahmet Şermetowyň 2 goly ýeňiş üçin ýeterlik

bolmady (Arslan Ýusupow

56, Pirmyrat Gazakow 68, 85 Rahmet Şermetow 26 p, 81).

Balkan welaýat derbisinde “Nebitçi” öz meýdançasynda “Şagadamdan” 42 hasabynda utuldy. 1-nji ýarymda Alibek Abdyrahmanowyň gollary bilen 21 öňe saýlanan

“Nebitçi” 2-nji ýarymda derwezesinden 3 gol geçirtdi.

Ýene degişli makalalar

TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2023: Ahal Aşgabatda Nebitçiden üstün çykdy
Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky ilkinji öý duşuşygyna 19 müňden gowrak janköýer ýygnandy
AÇL 2023/24: Ahal Al-Feýhany ýeňlişe sezewar etdi
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasyna ýeňiş bilen başlady