2-nji aýlawyň ilkinji duşuşyklary Angliýa bilen ABŞ duşuşýar

Ýokary depginde dowam edýän Katar 2022-de ertir 2-nji aýlawyň duşuşyklaryna badalga berler. Ýagny ýygyndylar 2-nji duşuşyklaryny geçirip başlarlar. Çempionatyň 6-njy gününde hem 4 duşuşyk oýnalar. Şol duşuşyklaryň arasynda iň esasy Angliýa bilen ABŞ-nyň özara duşuşygy bolar.

Olaryň ilkinjisi Uels bilen Eýranyň arasynda bolup, 15:00-da başlajak oýna ekwadory Mario Eskobar eminlik eder. Ahmad bin Ali stadionyndaky oýun olaryň özara 2-nji duşuşygy bolar. Mundan öňki bir duşuşykda Uels 1-0 ýeňipdi.

Günüň 2-nji duşuşygynda 1-nji tapgyrda utulan ýer eýeleri Katar bilen Senegalyň ýygyndylary çempionatda galmak üçin göreşerler. Utulan topar üçin çempionaty dowam etdirmek mümkinçiligi juda az bolar. 18:00-da başlanjak oýunda ispaniýaly Mateu Laos jürlewük çalar. Iki topar ilkinji gezek duşuşar.

Günüň 3-nji duşuşygy Niderlandlar bilen Ekwadoryň arasyndaky oýun bolup, 21:00-da başlajak duşuşyga alžirli Mustafa Gorbal eminlik eder. 3-nji gezek gabatlaşýan ýygyndylaryň öňki duşuşyklarynda Niderlandlar 1 gezek ýeňiş gazandy. 1 oýun hem deňlikde tamamlandy. Ýeňiş gazanan toparyň toparçada 1-nji orny eýelemek mümkinçiligi ýokary bolar.

Katar 2022 Dünýä Kubogynda 6-njy günüň jemleýji duşuşygynda Angliýa bilen ABŞ duşuşar. 00:00-da “Al Bayt” stadionynda oýnaljak duşuşyk olaryň arasyndaky 12-nji duşuşyk bolar.

Dünýä Kubogynda 2 gezek duşuşan Angliýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky şol oýunlarda iňlislere ýeňiş gazanmak başartmady (1-0, 1950; 1-1, 2010).Mundan öňki 11 oýunda Angliýa 8, ABŞ 2 gezek ýeňiş gazandy.

Iki tarap üçinem aýgytlaýjy hasaplanýan duşuşykda wenesuelaly Hesus Walenzuela jürlewük çalar.

15:00 Uels Eýran (“B”) “Ahmad bin Ali” Al Raýýan

18:00 Katar Senegal (“A”) “Al Thumama” Doha

21:00 Niderlandlar Ekwador (“A”) “Khalifa International” Al Raýýan

00:00 Angliýa ABŞ (“B”) “Al Bayt” Al Hor

Ýene degişli makalalar

Eýran ABŞ, Ekwador Senegal: haýsy toparlara näçe utuk, nähili netije gerekli? (3-nji aýlawyň ilkinji duşuşyklary)
DÇ-2022: Senegal Ekwadory ýeňip, 1/8 finala çykdy
Senegal 20 ýyldan soň 1/8 finalda
DÇ-2022: Eýran pleý-off ýollanmasyny gazanyp bilmedi
Katar 2022-de 2-nji günüň duşuşyklary
Latyn Amerikada ýaşaýan Osmanlynyň nesilleri El-Turkolar üstünlikleri bilen ýurtlaryny buýsandyrýar