2021-nji ýyl Aşgabat üçin soňky 130 ýylda iň gurak ýyl bolmagy ähtimal

2021-nji ýyl Aşgabat üçin soňky 130 ýylda iň gurak ýyl bolmagy ähtimal

27-nji dekabrdaky maglumatlara görä, bütin 2021-nji ýylda Aşgabada bary-ýogy 61,1 millimetr ygal ýagdy.Bu bolsa, soňky 130 ýylda türkmen paýtagtyndaky howa gözegçiliginde iň gurak ýyl bolmagynyň mümkindigini aňladýar diýip “Meteojurnal” habar berýär.

Mundan öň iň gurak sene 2006-njy ýyl bolupdy we şol ýyl 86 mm ygal, owalky 2008-nji ýylda bolsa, 91 mm ygal düşüpdi.

Aşgabatdan başgada, 2021-nji ýylda Ahal we Mary welaýatlarynyň käbir etrapalrynda hem iň güýçli guraklyk bolupdy. Meselem, 27-nji dekabrda Saragt etrabynda 50,5mm ygal ýagdy. Mundan owal etrapda iň gurak sene 2000-nji ýyl bolupdy we şonda 76 mm ygal düşüpdi.

Baýramaly etraby üçin 2021-nji ýyl ikinji iň gurak sene bolar. Häzir etraba 38,7 mm ygal düşdi. Iň güýçli guraklyk 1917-nji ýylda bolupdy we şonda 36 mm ygal ýagypdy.

2021-nji ýylyň Serhetabat etraby üçinem iň gurak ýyl bolmagy ähtimal we etraba 92,8 mm ygal ýagdy. Owalky rekord 106 mm bolupdy. 31-nji dekabrda etraba ýagyn ýagmagyna garaşylýar we täze rekord barada gürrüň etmegiň wagtyndan öň bolmagy ähtimal.

Şu ýylyň tomsunda aşa guraklyk we agyz suwynyň ýetmezçiligi sebäpli, Aşgabatda jaýlara suwyň berilişini kesdiler.

Şeýlede guraklyk Merkezi Aziýada gallanyň hasylsyzlygyna sebäp boldy. Emma, bu türkmen häkimiýetleriniň galla ýygnamak boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilendigini yglan etmegine päsgel bermedi.

The post 2021-nji ýyl Aşgabat üçin soňky 130 ýylda iň gurak ýyl bolmagy ähtimal first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Goşun gullugyna alnan ýaşlaryň harby kasam dabaralarynyň käbiri ýatyryldy
Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi dowam edýär
Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy bellenildi
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Tejen derýasynda suw ýok, sebit ýaşaýjylary uly alada galdy