Türkmen-eýran serhedinde ýene bir barlag-geçiş nokady açyldy

Türkmen-eýran serhedinde ýene bir barlag-geçiş nokady açyldy

Türkmen-eýran serhedindäki Inçeburun barlag-geçiş nokady 14-nji oktýabrda Türkmenistan bilen Eýranyň häkimiýetleriniň arasynda baglaşylan şertnamanyň çäginde işine täzeden başlady. Bu barada CentralAsia.news habar saýty Eýranyň Mehr habarlar gullugyna salgylanyp habar berdi.

Eýrandan täjirçilik ýüklerini daşaýan ulaglar soňky 20 aýda serhetden geçer. Taraplar harytlaryň Eýranyň ýük awtoulaglary bilen Türkmenistana girjekdigi we türkmen logistika kompaniýalarynyň soňky nokatlaryna eltjekdigi barada ylalaşdylar.

Inçeburun serhet geçelgesi koronawirus ýokançlygy sebäpli geçen ýylyň mart aýynda ýapyldy. Şol bir wagtyň özünde, Horasan-Rezawi welaýatynda ýerleşýän Bajgyran gözegçilik nokady hem işlemegini bes etdi. Ol şu güne çenli ýapyk diýip, Eýranyň gümrük gullugynyň başlygy Seýid Ruholla Latifi ýagdaýlar barada maglumat berdi.

Aşgabat mundan öň ýük awtoulaglary üçin ýörite dezinfeksiýa nkatlary gurlan Saragt we Lutfabad barlag nokatlarynyň açylmagyna rugsat beripdi.

Ýene degişli makalalar

ЗАВЕРШИЛСЯ РАБОЧИЙ ВИЗИТ НАЦИОНАЛЬНОГО ЛИДЕРА ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЯ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА В ИСЛАМСКУЮ РЕСПУБЛИКУ ИРАН
Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýoly bilen
Türkmen-eýran işewürler maslahaty
Russiýadan Saud Arabystanyna barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan geçdi
Eýran-Türkmenistan demirgazyk-günorta demir ýol geçelgesinde üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagy teklip edilýär
Aşgabatdan Awaza şäherara awtobus gatnawy ýola goýlar, Maşatda Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçiriler, Lebapda Çingiz Aýtmatowyň powesti esasynda spektakl sahnalaşdyryldy we beýleki habarlarda
Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Eýranyň nebit ministri bilen duşuşdy