2023-nji ýylda 32 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi

2023-nji ýylda 32 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi

2023-nji ýylda 32 müňden gowrak türkmenistanly goňşy Özbegistana syýahat etdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.

Hasabat döwründe Özbegistana iň köp syýahatçy Russiýa Federasiýasyndan gelipdir. Has takygy, geçen ýylda 235,3 müň sany russiýaly dynç almak we syýahat etmek maksady bilen Özbegistanda bolupdyr. Şeýle-de, Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça ilkinji bäşlikde Gazagystanyň (63,4 müň), Gyrgyz Respublikasynyň (43,8 müň), Täjigistanyň (43,4 müň) hem-de Türkiýäniň (38,3 müň) ady bar.

2023-nji ýylda 32,2 müň raýaty goňşy ýurda syýahat eden Türkmenistan bu sanawda ýedinji basgançakda ýerleşipdir.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň dowamynda Özbegistan dynç almak üçin gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň 773,3 müň sanysyny kabul edipdir.

Ýene degişli makalalar

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde türkmen-özbek söwda dolanyşygy 235 million dollardan geçdi
2023: Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky söwda €230 milliona golaýlady
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $185 milliona golaýlady
2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy
Türkmenistan Özbegistandan gaz plitalaryny import etmekde ilkinji bäşlikden orun aldy
Türkiyäniň Syýahatçylyk pudagyndan alýan girdejisi artdy
Hytaýyň ilaty iki ýyl bäri azalýar