Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $185 milliona golaýlady

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $185 milliona golaýlady

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 184,6 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň şenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 173,5 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 11,1 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň şu ýylyň ýanwar aýyndaky umumy daşary söwda dolanyşygy 9,9 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 940,3 million ABŞ dollary möçberinde ýa-da 10,5 göterim ýokarlandy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 59,8 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Ýene degişli makalalar

31 müň türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi
2023-nji ýylda Türkiyede 958 müň 408 çaga dünýä indi
2023-nji ýylda 46,5 müň türkmenistanly söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana bardy
Başgyrdystanyň ýokary okuw mekdeplerinde 2 müňden gowrak türkmen talyby okaýar
2023: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda $1,094 milliarddan geçdi
Ispaniýa 2023-nji ýylda 84 million syýahatçy bilen rekord goýdy
Hormatly dynç alyşa çykan nemesler açlyk howpunda ýaşaýarlar