2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy

2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy

2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň goňşy Özbegistan bilen özara söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3 esse ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.

Hasabat döwründe Türkmenistanuň Özbegistana amala aşyran eksportynyň mukdary 173,5 million amerikan dollara deň boldy.Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň deslapky iki aýyndakydan 4,3 esse (geçen ýylyň ýanwar-fewral aýlaryndaky görkeziji 40,2 million amerikan dollaryna barabar) köpdür. Şeýle-de, 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 11,1 million amerikan dollaryna deň bolan harytlary we hyzmatlary Özbegistandan import etdi.

Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,4 million möçberde azdyr. Şeýlelikde, ýanwar-fewral aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy üç esse artyp, 184,6 million amerikan dollaryna deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwründe iki ýurduň arasynda jemi 59,8 million amerikan dollarlyk özara söwda amala aşyrylypdy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Özbegistanyň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 7-nji, ýurduň importynda bolsa 6-njy orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

31 müň türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi
2023-nji ýylda 46,5 müň türkmenistanly söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana bardy
Başgyrdystanyň ýokary okuw mekdeplerinde 2 müňden gowrak türkmen talyby okaýar
2023: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda $1,094 milliarddan geçdi
Ispaniýa 2023-nji ýylda 84 million syýahatçy bilen rekord goýdy
Hormatly dynç alyşa çykan nemesler açlyk howpunda ýaşaýarlar
Hytaýyň ilaty iki ýyl bäri azalýar