2023-nji ýylda 9,5 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana baryp gördi

2023-nji ýylda 9,5 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana baryp gördi

2023-nji ýylyň dowamynda 9,5 müňden gowrak türkmenistanly garyndaşlaryny görmek üçin Özbegistana bardy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, ýurda garyndaşlaryny görmek üçin gelen raýatlarynyň sany boýunça Täjigistan liderlik edýär.Hasabat döwründe 2 million 30 müňden gowrak täjigistanly şol maksat bilen Özbegistanda bolupdyr.Soňra degişli yzygiderlilikde Gyrgyz Respublikasynyň (1 million 702 müň), Gazagystanyň (1 million 245 müň) hem-de Türkiýäniň (49,3 müň) ady getirilýär.

Geçen ýylyň dowamynda 9,6 müň sany raýaty garyndaşlaryny görmek üçin goňşy ýurda baran Türkmenistan bolsa sanawyň ilkinji bäşligini jemleýär.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň dowamynda Özbegistana garyndaşlaryny görmek üçin baran daşary ýurtlularyň umumy sany 5 milion 561 müňe deň bolupdyr.

Ýene degişli makalalar

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde türkmen-özbek söwda dolanyşygy 235 million dollardan geçdi
Türkmenistan Özbegistandan gaz plitalaryny import etmekde ilkinji bäşlikden orun aldy
2023: Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky söwda €230 milliona golaýlady
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $185 milliona golaýlady
2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy
Türkiyäniň Syýahatçylyk pudagyndan alýan girdejisi artdy
Hytaýyň ilaty iki ýyl bäri azalýar