2023-nji ýylyň başyndan Microsoft Windows 8.1-i goldamagyny bes eder

2023-nji ýylyň başyndan Microsoft Windows 8.1-i goldamagyny bes eder

2023-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndan başlap, Microsoft Windows 8.1-i goldamagyny bes eder. Bu baradaky habar The Verge neşiriniň saýtynda peýda boldy. Microsoft eýýäm indiki aýdan agzalan OC wersiýanyň ulanyjylaryna degişli habary ýollap ugrar.

10-njy ýanwardan soň amerikan IT-ägirdi Windows 8.1 üçin howpsuzlygyň giňeldilen täzelenişlerini goýbermegi bes eder.Diýmek, gürrüňi edilýän önümi ulanýan ulanyjylar we kärhanalar mejbury ýagdaýda täze Windows-a geçmeli ýa-da töwekgellige salyp, könelen wersiýa bilen oňňut etmeli bolarlar.

Hatda Microsoft-yň öz maglumatlaryna görä-de, Windows 8.1-iň dolandyrmagyndaky aglaba kompýuterler operasion ulgamyň iň wajyp wersiýasyna — Windows 11-e geçip bilmezler.

Ýöne Windows 10-yň özüniň hem ömri gysgalyp barýar. Microsoft 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda OU-yň bu wersiýasyny goldamagyny bes eder. Windows 8.1-iň birinji wersiýasy 2013-nji ýylyň oktýabrynda çykypdy. Esasanam täze wersiýa beýle bir şowly çykmadyk, düşnüksiz Metro interfeýsi üçin tankyda sezewar bolan Windows 8 goýberilenden soň, OU-yň abraýyny dikeltmek üçin döredilipdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan oýun belli edildi
5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal
Bütin dünýäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan tutluşygy
Önümçilik 3 esse artar
Uçýan ýel bekedi
Türkmen wekiliýeti London we Daşkent şäherlerinde geçiriljek atly ýaryşlara gatnaşar
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISINDE ŞU ÝYLYŇ ÝANWAR-APREL AÝLARYNDA DIM TARAPYNDAN AMALA AŞYRYLAN IŞLERINIŇ NETIJELERI BARADA HASABAT BERILDI