2024-nji ýylda Merkezi Aziýada nämä garaşyp bolar?

2024-nji ýylda Merkezi Aziýada nämä garaşyp bolar?

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Kris Riklton ertirki güni wakalaryň nähili özgerip biljekdigi, täze ýylyň Merkezi Aziýa sebiti üçin nämeleri getirip biljekdigi baradaky çaklamalaryny öňe sürdi.

2023-nji ýyl, adaty hyzmatdaşlarynyň (we öňki koloniýalarynyň) diplomatik gözýetimlerini giňeldenini gören Russiýa üçin Merkezi Aziýada agyr ýyl boldy.

Russiýa Ukrainadaky muşakgatly urşuny dowam etdirýän mahaly, Moskwanyň sebite hödürläp biljek mümkinçilikleri öňkülerinden hem azdy. Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bu pursatdan peýdalandy. Bu ýurtlaryň ýolbaşçylary ABŞ-nyň we Germaniýanyň liderleri bilen möhüm gepleşikleri geçirdiler. Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bolsa, milliardlarça dollarlyk maýa goýumlary bilen Gazagystana we Özbegistana girdi.

Hytaý sebitdäki agalyk ediji ornuny güýçlendirdi, Türkiýe hem täsirini artdyrdy.

Emma Russiýany entek "oýundan" çykarmaň.

Moskwanyň şu ýyl sebitde gazanan iň uly ýeňişlerinden biri, Özbegistany her ýyl takmynan 3 milliard kub metre çenli gaz bilen üpjün etmek baradaky şertnama boldy. Bu san has-da artyp biler.

Özbegistanda we energiýa serişdelerine baý Gazagystanda energiýa ýetmezçiligi, Moskwanyň bu möhüm ýurtlaryň üstündäki oýnunyň gysga möhletli iň äşgär çeşmesidir.

2024-nji ýylda, iki hökümetiň ýadro energiýasyny öndürmek baradaky meýilnamalary babatda has jikme-jik maglumatyň peýda bolmagy mümkin. Russiýanyň bu işe doly gatnaşmagyna garaşylýar.

Täjigistan

Täjigistanyň mirasdüşeriň häkimiýet başyna geçmegine şeýle uzak wagt bäri garaşylýar welin, adamlar oňa garaşmagyny bes etdiler. Bu, munuň 2024-nji ýylda güntertibine gaýdyp geljekdigini aňladýarmy? Ähtimal däl.

2016-njy ýylda Täjigistan häkimiýetdäki Rahmon maşgalasynyň häkimiýetde galmagyny berkitmäge gönükdirilen köp sanly konstitusiýa üýtgetmesini kabul etdi. Olaryň arasynda prezidentlige dalaş etmek üçin ýaş çäklendirmesini 35 ýaşdan 30 ýaşa çenli peseltmek bar.

Bu üýtgetmäniň aç-açan peýdalanyjysy bardy - häzirki prezident Emomali Rahmonyň ogly Rustam Emomali. Emma Emomali häzir 36 ýaşynda bolup, nobatdaky [lider] bolmaga mümkinçilik berip biljek syýasy wezipäni eýeleýändigine garamazdan, ol nobatdaky ilkinji bolmaga o diýen ýakyn görünmeýär.

Türkmenistan

Ýöne, belki-de, Rahmon Türkmenistanda bolup geçen wakalary göz öňünde tutýandyr. 2022-nji ýylda Merkezi Aziýada häkimiýetiň ilkinji gezek kakadan ogla geçişiniň hiç hili netijesi bolmady.

Täze prezident Serdar Berdimuhamedow wezipesinde ösmegiň deregine, güýçli kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kölegesine gaýdyp barýar.

Görnüşinden, uly Berdimuhamedow hem şuny isleýärdi. Ol ogly we hökümetiň galan agzalary özüne hasabat berer ýaly post-pensiýa wezipesini döretdi.

Emma Türkmenistanyň geň täze gurluşy bir sorag döredýär: Eger goýbermäge taýyn bolmasaň, näme üçin biraz köpräk [häkimiýetde] saklanmadyň?

Gyrgyzystan/Gazagystan

Halkara pul gaznasynyň öňki ykdysatçysy noýabr aýynda X-da (öňki Twitter) ýazan maglumatynda Gyrgyzystanyň Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen bagly ikinji derejeli sanksiýalar üçin "iň oňat synag" boljakdygyny öňe sürdi.

Robin Bruks (Robin Brooks) bu ýurdy "kiçi, sistema taýdan hatda uzakdan hem möhüm däl we söwdanyň Russiýa gönükdirilmegini örän aç-açan aňsatlaşdyrýar" diýip häsiýetlendirdi.

Resmi statistika Moskwa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Ýewraziýa ykdysady bileleşigindäki ýurtlaryň Russiýanyň garşy gönükdirilen, Günbataryň liderligindäki sanksiýalaryň töwereginde “arka gapa” öwrülendigini görkezýär. Mysal üçin, 2023-nji ýylda birnäçe ÝB ýurdundan Gyrgyzystana eksportyň möçberi, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, azyndan 1000 göterim ýokarlandy.

Gazagystan babatda hem eksport sanlary şuňa meňzeş görkezijileri hödürleýär. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň geçiren barlaglary bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ikisiniň hem Kremliň harby enjamyna peýdaly “goşa ulanylýan” önümleri iberendigini görkezýär.

Belarus Moskwanyň Ukraina çozmagyny goldaýandygy üçin doly sanksiýa girizilen ýeke-täk rus ýaranydyr. Ýöne bu ýagdaý 2024-nji ýylda üýtgärmi?

Merkezi Aziýanyň hökümetleri Russiýanyň urşa syýasy we harby goldaw bermek baradaky basyşyna garşylyk görkezendiklerini öňe sürerler. Hatda olar uly dosty Hytaýyň Russiýa has peýdalydygyny hem pyşyrdap bilerler.

Emma Günbataryň diňe režimi işjeň ýagdaýda äsgermeýän Merkezi Aziýa kompaniýalaryny nyşana alýan çemeleşmesi şowsuz bolýar.

Günbatar diplomatlary sebitiň hökümetlerine gaçakçylyga garşy tagallalary üçin karz bermegi dowam etdirseler-de, olaryň sabyr käsesi dolup biler. Şeýle bolanda, bu ýagdaý barada ilki bilen Gyrgyzystan habarly bolup biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ösümlikden öndürilen oýnawaç
11 ýyldan soň
SPORT GYSGA SETIRLERDE
Uly ýaryşlardaky ilkinji çempionlygy
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (39-njy bölüm)