2024-nji ýylda syýahat edilmeli iň gowy ýerler

National Geographic neşiri 2024-nji ýylda syýahat edilmegi maslahat berilýän ýerleriň sanawyny taýýarlady.Sanawda 30 ýeriň ady bolup, şäherde dadyp görülmeli tagamlar ýa-da görülmegi maslahat berilýän ýerler hem bellenipdir.

Sanawda Ýewropanyň soňky ýyllarda syýahatçylyk babatda ösýän ýurdy bolan Albaniýa, meşhurlygy barha artýan Hytaýyň Sian şäheri, köçe tagamlary bilen köpleriň ünsüni çekýän Taýwanyň Taýnan şäheri ýaly ýerler bar.Belli bir tertip bilen berilmedik sanawda Italiýanyň Emiliýa-Romanýa welaýaty, Demirgazyk Irlandiýanyň ikinji uly şäheri Belfast, Şotlandiýanyň Galloweý we Günorta Aýrşir biosfera goraghanasy, Meksikanyň Ýukatan ýarym adasy, Norwegiýanyň Nurlann etraby ýaly tebigy taýdan özüne çekiji ýerler bar. Şeýle hem Italiýada gadymy Pompei şäheriniň ýadygärliklerini, Irlandiýada Atlantik ýoluny, Çilide Atakama çölüni, Madagaskarda Andrefana tokaýlaryny görmek we Germaniýada Euro-2024 çempionatyna tomaşa etmek maslahat berilýär.

Aýgül ILMEDOWA,

Aşgabat şäherindäki Olimp orta sport mekdebiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Çeşme: Türmede ýiten biznesmeniň daşary ýurtdaky aýalyna howp abanýar
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Ýylyň garaşylýan filmleri
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany
Maradona. Messi. Mundial
Messi DÇ-2022-niň iň gowy oýunçysy boldy