2025-nji ýylda figuralaýyn typmak boýunça dünýä çempionaty ABŞ-nyň Boston şäherinde, 2026-njy ýylda bolsa Pragada geçirilmeli. Bu barada Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) metbugat gullugy habar berýär diýip, TASS belleýär.
ISU-nyň Geňeşiniň kararyna görä, 2025-nji ýyldaky dünýä çempionaty 24 30-njy martda Bostonda, 2026-njy ýyldaky dünýä birinjiligi 23 29-njy martda geçiriler. 2025-nji ýyldaky Ýewropa çempionaty 20 26-njy ýanwarda Zagrebde, 2026-njy ýylyň ýaryşy 12 18-nji ýanwarda Britaniýanyň Şeffild şäherinde geçiriler. 2023-nji ýyldaky dünýä çempionaty Ýaponiýanyň Saýtama şäherinde geçiriler. 2024-nji ýylda bolsa ýaryşy Kanadanyň Monreal şäheri kabul eder.
