THÝ uçar saparlarynyň sanyny artdyrýar

THÝ uçar saparlarynyň sanyny artdyrýar

Türk howa ýollary kärhanasynyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, Türk howa ýollary kärhanasynyň Boston, Çikago, Los-Anjeles, Maýami we San-Fransisko şäherlerine uçar saparlarynyň sanyny artdyrjakdygy mälim edildi.

"Indi bolsa ABŞ gezelenç etmegiň wagty geldi" sözbaşysy bilen berilen beýanatda: " Boston, Çikago, Los-Anjeles, Maýami we San-Fransisko şäherleri üçin kemerleriňizi dakyň. ABŞ-nyň 5 uly şäherine Stambuldan gönüden uçar saparlarynyň sany iýun aýynda artýar" diýip habar berildi.

Beýanata görä 3-nji iýundan başlap Çikago şäherine uçar saparlarynyň sany 10-a, Los-Anjeles şäherine bolsa uçar saparlarynyň sany 11-e ýetirildi.

Stambul-Boston şäherleriniň arasynda amala aşyrylýan uçar saparlarynyň sany bolsa 14-nji iýundan başlap, 7-ä ýetirildi.

16-njy iýundan başlap Stambul-Maýami uçar saparlary 10-a, 17-nji iýundan başlap Stambul-San-Fransisko şäherleriniň arasyndaky uçar saparlarynyň sany bolsa 10-a ýetiriler.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat şäheri
Nýu-Ýork: iň köp millionerli şäher
Dünýäde soňky 20 ýylda sentimillionerleriň sany iki esse köpeldi
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Dünýäniň öňdebaryjy täjirçilik şäherleri
Dubaý we Abu-Dabi gurply dünýä şäherleriniň arasynda
Ýolagçylaryň taksilerde unudýan geň zatlary sanaldy