2032-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlaryny gurajak esasy dalaşgär şäher

Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) 2032-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryny guramaga isleg bildirýän şäherleriň arasynda Awstraliýanyň Kuinslend welaýatynyň Brisban şäheriniň öňe saýlanýandygyny habar berdi.HOK-yň prezidenti Tomas Bah seljeriş topary tarapyndan 2032-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryny guramaga isleg bildirýän şäherleriň arasyndan Brisban şäherini saýlamaklyk maslahat berilýändigini aýtdy.

Häzirki wagtda Awstraliýanyň Brisban şäherinden başga-da Indoneziýanyň Jakarta, Hindistanyň Mumbaý, Kataryň Doha, Germaniýanyň Reýn-Rur metropolitan regiony, Ispaniýanyň Madrid hem-de Hytaýyň Şanhaý, Çendžu ýaly şäherleri ýene-de 11 ýyldan geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň guramaga isleg bildirýärler.

Dalaşgär görkeziljek şäherleriň degişli ýolbaşçylary 2025-nji ýylda HOK-a resmi ýagdaýda ýüz tutarlar. 35-nji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň haýsy şäherde geçiriljekdigi şol ýyl-da hem belli ediler.

The post 2032-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlaryny gurajak esasy dalaşgär şäher appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda bu hepde
Sportuň taryhynda şu gün 17-nji iýul
Ýaponiýa we HOK 2021-nji ýylda Tokioda Olimpiadany geçirmäge taýýar
HOK-nyň ýolbaşçysy: sport adamlaryň janyny halas edip biler
HOK 2024-nji ýylda Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň gender deňligine esaslanýan maksatnamasyny tassyklady
Florida Tokio derek Olimpiýa oýunlaryny kabul etmegi teklip etdi