Ýaponiýa we HOK 2021-nji ýylda Tokioda Olimpiadany geçirmäge taýýar

Ýaponiýa we HOK 2021-nji ýylda Tokioda Olimpiadany geçirmäge taýýar

Ýaponiýanyň premýer ministri Ýosihide Suga iş sapary bilen ýurda gelen Halkara olimpiýa komitetiniň (HOK) başlygy Tomas Bah bilen gepleşik geçirdi diýip, Kyodo agentligi habar berýär. Muny sportrbc.ru ýetirýär.

Ýaponiýanyň premýer ministri öz gezeginde tomusky oýunlary “adamzadyň wirusy ýeňendiginiň subutnamasy” hökmünde geçirmegi ýüregine düwendigini aýtdy.Tokioda tomusky Olimpiýa oýunlary şu ýyl 24-nji iýuldan 9-njy awgust aralygynda geçirilmelidi. Ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýylyň tomsuna süýşürildi.

Indi ýaryşlar 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgust aralygynda geçirilmeli.Muňa garamazdan, Olimpiýa oýunlary “Tokio 2020” adyny saklady.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda bu hepde
Sportuň taryhynda şu gün 17-nji iýul
HOK-nyň ýolbaşçysy: sport adamlaryň janyny halas edip biler
HOK 2024-nji ýylda Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň gender deňligine esaslanýan maksatnamasyny tassyklady
Florida Tokio derek Olimpiýa oýunlaryny kabul etmegi teklip etdi
2032-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlaryny gurajak esasy dalaşgär şäher