HOK 2024-nji ýylda Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň gender deňligine esaslanýan maksatnamasyny tassyklady

HOK 2024-nji ýylda Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň gender deňligine esaslanýan maksatnamasyny tassyklady

Halkara olimpiýa komiteti Parižde 2024-nji ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda berilýän medallaryň sanyny 339-dan 329-a çenli azaltmak kararyna geldi diýip, HOK-nyň metbugat gullugy habar berýär. Muny championat.com belläp geçýär.

Şeýle-de, türgenleriň umumy sany 10,5 müň adama çenli azaldylar (Tokiodaky oýunlarda 592 türgeniň köp bolmagyna garaşylýar). Şol bir wagtda ilkinji gezek gender deňligi doly berjaý ediler 50% erkek-türgenler we 50% zenanlar.

Oýunlaryň maksatnamasynda sportuň 32 görnüşinden 28-si gender alamaty boýunça deňagramly bolar.Garyşyk görnüşleriň sany 22-ä çenli artdyrylar.Sany boýunça azaldylma, esasan, boksa we agyr atletika täsir eder.

Eger-de Parižde agyr atletika ýaryşy geçirilse, onda 120 türgen 10 toplum medal üçin bäsleşer. 2024-nji ýyldaky Oýunlaryň maksatnamasynda ýeňil atletikanyň görnüşleriniň biri 50 km aralyga ýöriş aýryldy.

Munuň hemişelik bolmagy ähtimal.Tokio-2021-de 50 km ýöriş bolar, ýöne diňe erkekleriň gatnaşmagynda geçer.HOK 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna breýk-dansyň, skeýtbordingiň, gaýa dyrmaşmagyň we sýorfingiň girizilendigini tassyklady.

Ilkinji üçüsi eýýäm bir ýyldan Tokioda kabul edýän ýurduň teklibi boýunça wagtlaýyn derejesinde geçiriler. Ýöne breýk-dansy ilkinji gezek Parižde görüp bolar.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda bu hepde
Sportuň taryhynda şu gün 17-nji iýul
Ýaponiýa we HOK 2021-nji ýylda Tokioda Olimpiadany geçirmäge taýýar
HOK-nyň ýolbaşçysy: sport adamlaryň janyny halas edip biler
Florida Tokio derek Olimpiýa oýunlaryny kabul etmegi teklip etdi
2032-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlaryny gurajak esasy dalaşgär şäher