24 ýyldan soň yklym ýaryşyna gatnaşar, Gazagystan EURO 2024-iň bosagasyndan gaýtdy

Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynda “H” toparçada Sloweniýany 2-1 hasabynda ýeňen Daniýanyň ýygyndysy 10-njy Ýewropa çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazandy.Daniýa ýeňiş getiren gollary Mele bilen Delani geçirdi.

Daniýanyň ýygyndysy 2-nji duşuşygynda Demirgazyk Irlandiýadan 2-0 hasabynda asgyn geldi.Toparçadan çykan 2-nji ýygyndy Sloweniýanyň ýygyndysy bolup, olar soňky duşuşygynda Gazagystanyň ýygyndysyny Şeşko hem-de Werbiçiň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňdi.

Gazaklarňy ýeke-täk goluny 48-nji minutda Orazow öz adyna ýazdyrdy.Duşuşykda Gazagystanyň ýygyndysy ýeňiş gazanan bolsa, onda olar taryhynda ilkinji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşarlady.Sloweniýanyň ýygyndysy 2000-nji ýyldan soň 2-nji gezek Ýewropa çempionatyna wekilçilik ederler.

Ýene degişli makalalar

Euro 2024-iň bijeleri çekildi
EURO 2024-iň bijeleri 2-nji dekabrda çekiler
Täze Zelandiýaly 11 aýlyk bäbek dünýäniň 23 ýurduna syýahat etdi
Daniýanyň ýygyndysy 10-njy gezek Ýewropa çempionatyna wekilçilik eder
Ýylyň iň güýçli pasportlary
Portugaliýa ähli duşuşykda ýeňiş gazandy, Gibraltar gol hem geçirip bilmedi (EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň käbir statistikalary)