EURO 2024-iň bijeleri 2-nji dekabrda çekiler

Ýewropa çempionatynyň final tapgyrynyň bijeleri 2-nji dekabrda (şenbe güni) çekiler.Bije çekiliş dabarasy Germaniýanyň Hamburg şäherindäki “Elbphilharmonie” konsert zalynda geçiriler.Bijä laýyklykda, ýer eýesi Germaniýa bilen bir hatarda, Portugaliýa, Fransiýa, Ispaniýa, Belgiýa, Angliýanyň ýygyndylary 1-nji torbadan bije çekilişe gatnaşarlar.

Olar her toparçanyň esasy faworiti bolar.Soňky çempion Italiýa bolsa 4-nji torbada düşdi. Çempionat geljek ýylyň 14-nji iýuny 14-nji iýuly arasynda Germaniýanyň 10 şäherinde geçiriler.

1-nji TORBA: Germaniýa, Portugaliýa, Fransiýa, Ispaniýa, Belgiýa, Angliýa

2-nji TORBA: Wengriýa, Türkiýe, Rumyniýa, Daniýa, Albaniýa, Awstriýa

3-nji TORBA: Niderlandlar, Şotlandiýa, Horwatiýa, Sloweniýa, Slowakiýa, Çehiýa

4-nji TORBA: Italiýa, Serbiýa, Şweýsariýa, Pleý-off tapgyrynyň 3 ýeňijisi

Ýene degişli makalalar

Euro 2024-iň bijeleri çekildi
Türkiýe bilen Albaniýanyň Diplomatik Gatnaşyklaryna 100 Ýyl Doldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýeden 96 Ýurda 151 Million 568 Müň Dollarlyk Fystyk Eksport Edildi
Daşary Işler Ministri Fidan Resmi Sapar Bilen Albaniýa Gitdi
“Haýsydyr Bir Görnüşde Gaza Ynsanperwer Kömeginiň Ýetirilmeli”