Euro 2024-iň bijeleri çekildi

Geljek ýylyň 14-nji iýuny 14-nji iýuly aralygynda Germaniýada geçiriljek futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionatynyň bijeleri çekildi. Germaniýanyň Hamburg şäherinde geçirilen bije çekiliş dabarasyna gatnaşýan toparlaryň tälimçileri, tanymal ýyldyzlary gatnaşdy.

24 ýygyndynyň gatnaşjak çempionatynda toparlar 6 toparçada çykyş ederler. Her toparçada 4 ýygyndy bolup, toparçalarda 12-nji orny eýelänler, şol sanda 3-nji ýeri eýelänleriň arasynda-da iň gowy netije görkezen 4-si 1/8 finala çykarlar.

Çempionat ýurduň 10 şäherinde Berlin, Dortmund, Düsseldorf, Münih, Köln, Ştutgart, Hamburg, Leipsig, Frankfurt hem-de Gelsenkirhen şäherlerindäki stadionlarda geçiriler. Final duşuşygy 2024-nji ýylyň 14-nji iýulynda Berlindäki “Olympiastadion”-da oýnalar.

“A” TOPARÇA: Germaniýa, Şotlandiýa, Wengriýa, Şweýsariýa.

“B” TOPARÇA: Ispaniýa, Horwatiýa, Italiýa, Albaniýa.

“C” TOPARÇA: Sloweniýa, Daniýa, Serbiýa, Angliýa.

“D” TOPARÇA: Pleý off-A, Niderlandlar, Awstriýa, Fransiýa.

“E” TOPARÇA: Belgiýa, Slowakiýa, Rumyniýa, Pleý off-B.

“F” TOPARÇA: Türkiýe, Pleý off-C, Portugaliýa, Çehiýa.

Ýene degişli makalalar

Münhende başlap, Berlinde tamamlanar
“Bawariýa”, “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” öňdeligi eýeleýärler
3-nji liganyň wekili “Bawariýany” kubok ýaryşyndan çykardy
EURO 2024-iň bijeleri 2-nji dekabrda çekiler
Sport täzelikleri
Sport täzelikleri