Türkiýe bilen Albaniýanyň Diplomatik Gatnaşyklaryna 100 Ýyl Doldy

Türkiýe bilen Albaniýanyň Diplomatik Gatnaşyklaryna 100 Ýyl Doldy

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Türkiýe bilen Albaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100 ýyllygy mynasybetli berilen bilelikdaki beýannamany neşir etdi.

Beýannamada 2023-nji ýylyň 15-nji dekabrynda iki ýurduň arasynda “Dostluk ylalaşygynyň” baglaşylmagy bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulandygy beýan edilip; “Bu möhüm sene, 2023-nji ýylyň dowamynda Ankarada we Tiranada geçirilen maslahatlar, sergiler we konsertler bilen bellenilip geçildi” diýilýär.

İki ýurduň arasyndaky oňyn gatnaşyklara üns çekilýän beýannamada; “Türkiýe-Albaniýa gatnaşyklary güýjüni umumy taryhdan we mizemez jemgyýetçilik hem-de medeni gatnaşyklardan alýar.Bu kökli geçmişe esaslanyp özara gatnaşyklar 2021-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Prezident R.T.Erdogan bilen Premýer-ministri Hormatly Edi Rama tarapyndan Ýokary derejeli hyzmatdaşlk geňeşiniň döredilmegi hakyndaky Bilelikdäki Jarnama gol çekişilmeği bilen strategik ýaranlyk derejesine göterildi” diýilýär.

Beýannamada iki ýurduň halklarynyň ýer titremelerden soň arkalaşykly hereket edilendigi nygtalyp; “NATO-nuň iki ýarany we ÝB-ne dalaşgär ýurtlar bolan Türkiýe bilen Albani,ýa Balkanlarda parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň goralmagyna anyk goşant goşýarlar. Sebitleýin we halkara guramalardaky ýakyn arkalaşyk dowam eder” diýilýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident R.T.Erdogan Ukraina-Günorta-gündogar Ýewropa Sammitine Ýüzlenme Ugratdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar
"Albaniýa Bilen Balkanlaryň Durnuklylygy Üçin Birlikde Tagalla Etmäge Dowam Ederis”
Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama, Resmi Sapar Bilen Türkiýä Geldi
Albaniýa Ýewropanyň esasy nebit üpjünçisi bolmaga bil baglaýar