Albaniýa Ýewropanyň esasy nebit üpjünçisi bolmaga bil baglaýar

Albaniýa onýyllygyň ahyryna çenli esasy nebit we gaz üpjünçisi bolmaga umyt edýär. Uglewodorodlaryň çeşmesi Şpirag dag ulgamynda 6 kilometrden gowrak çuňlukda ýüze çykaryldy. Bu sebitdäki barlaglar uzak wagt bäri dowam edýär. Täze ýyldan öň hökümet bu ýatagy ösdürmegiň geljegini aýdyňlaşdyrjak synaglaryň netijelerini almaga bil baglaýar. Deslapky maglumatlar Albaniýada çykarylyp bilinjek nebitiň ep-esli mukdaryna güwä geçýär.

Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Ramanyň sözlerine görä, hünärmenleriň garaşýanlary tassyklansa, “Shell” korporasiýasy Spirag sebitinde infrastrukturany ösdürmek üçin 7 milliard ýewro maýa goýar. Şeýle bolsada, “Shell” korporasiýasynyň wekilleri alnyp barylýan işler barada doly maglumat berenok. Bilermenler ähli kararlaryň öňde boljak synaglaryň barşynda alynjak maglumatlara baglydygyny belleýärler.

Albaniýanyň hökümeti ýylda millionlarça dollar girdeji gazanmak maksady bilen ýurtda möhüm baýlyk çeşmesini döretmäge uly umyt baglaýandygyny aýtdy. Häkimiýetler eýýäm bu serişdeler üçin “Özygtyýarly gaznanyň” taýýarlanýandygy barada habar berdiler.

Ýene degişli makalalar

Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar
2024-nji ýylda syýahat edilmeli iň gowy ýerler
Türkmenistanda gümrük gullukçylarynyň hünär etikasy boýunça sebitleýin okuw geçirilýär
15 ýurt BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşine saýlandy
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny