Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

2023-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdogan Soçi şäherinde Russiýa Fedarasiýasynyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy. Duşuşykda özara, sebitleýin we global meseleler hakynda pikir alyşyldy. Birnäçe gün soň Russiýanyň Daşary işler ministrligi Türkiýe bilen 1 million tonna galla üpjünçiligi hakynda ylalaşylandygyny habar berdi.

2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Slowakiýanyň Mejlisiniň Başlygy Boris Kollaryň başlyklyk edýän wekiliýetini kabul etdi. Duşuşykda özara gatnaşyklaryň ýeten sepgidine kanagatlanma bildirildi. Slowakiýanyň wekiliýeti Garabaga baryp gördi.

2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow Türkiýäniň Döwlet baş gözegçisi Şeref Malkoçy kabul etdi. Saparyň çäginde Gyrgyzstan bilen Türkiýäniň Ombudsmanlyklarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hakyndaky ähtnama gol çekişildi.

7-nji sentýabrda Albaniýanyň Prezidenti Baýram Begaž Gazagystana ilkinji resmi saparyny amala aşyrdy. Bu sapar şol bir wagtda-da alban Prezidentiniň soňky 30 ýylda Gagzagystana guran ilkinji sapary hökmünde taryha geçdi. Iki ýurduň prezidentleri ikiçak we toparara duşuşyklar geçirdi. Duşuşyklaryň ahyrynda bilelikdäki jarnama gol goýuldy.

Üstümizdäki ýylyň 7-nji sentýabrynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew BMG-niň Azyk we oba hojalygy düzüminiň Baş sekretary Ku Dongýuny kabul etdi.Duşuşykda azyk howpsuzlygynyň başda durmagynda Özbegistanyň adybir gurama bilen gatnaşyklary hakynda pikir alyşyldy. 7-8-nji sentýabrda Özbegistanyň Premýer-ministri Abdullah Aripowyň gatnaşmagynda Samarkand şäherinde Halkara azyk howpsuzlygy maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkiýäniň, Gygyrgystanyň we Özbegistanyň Oba hojalyk ministrleri gatnaşdylar.Türkiýäniň Oba we tokaý hojalygy ministri Ibrahim Ýumakly bilen Özbegistanyň Oba hojalyk ministri Aziz Woitow iki ýurduň oba hojalyk ministrlikleriniň arasynda oba hojalyk ätiýaçlandyryşlary boýunça hyzmatdaşlyk ähtnamasyna gol çekişdiler.

2023-nji ýylyň 7-nji sebtýabrynda Bakuwda Türki döwletleriň guramasynyň Adatdan daşary dolanşyklar boýunça ministrler derejesindäki 2-nji maslahaty geçirildi.Maslahata gurama agza we synçy ýurtlaryň Tebigy betbagtçylyklar we adatdan daşary ýagdaýlar ministrleri gatnaşdylar.

Maslahatyň ahyrynda Türki döwletleriň guramasynyň Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň ministrler derejesindäki maslahatynyň Jarnamasyna gol çekişildi.Ministrler “Bakuw-2023 halkara türgenleşigine” syn etdiler.Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew maslahata gatnaşan ministrleri kabul etdi.

8-nji sentýabrda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň Başlygy Bilal Erdogany kabul etdi. 8-10-njy sentýanbr aralygynda Hywada 63 ýurtdan 930 wekiliň gatnaşmagynda Halkara etnosport festiwaly geçirildi.

Geçen hepde Gazagystanda we Gyrgystanda hökümetiň düzümi çalyşdy. Täze ministrlikler döredildi we käbir ministrler çalyşdy. Şeýle hem Krym tatary Rüstem Umarow 6-njy sentýabrda Ukrainanyň Goranmak ministrligine bellendi.

Wakalardan hem görülşi ýaly geçen hepde türki dilli döwletlerde möhüm maslahatlar geçirildi. Edilen saparlar türki dilli döwletleriň halkara arenadaky beýgelýän pozisiýasyny görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
“Gaza Goldaw Bermäge Dowam Ederis”
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Prezident R.T.Erdogan Ukraina-Günorta-gündogar Ýewropa Sammitine Ýüzlenme Ugratdy